“Açyk gapylar” günleri
28.04.2025 ý.Hormatly raýatlar!
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebi “Açyk gapylar” gününe gatnaşmaga çagyrýar.
“Açyk gapylar” günlerinde 2025-nji ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýänlere Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň gurluşy, düzüm birlikleri, hünärmenleri taýýarlaýyş ugurlary, okuw sapaklarynyň
guralyşy, alnyp barylýan medeni-köpçülikleýin çäreler, şeýle hem talyplar üçin döredilen ýaşaýyş-durmuş şertler barada giňişleýin maglumatlar berler.
“Açyk gapylar” günleri 2025-nji ýylyň 19-njy we 26-njy aprelinde sagat 14:00-da geçiriler.
Biziň salgymyz: Aşgabat şäheriniň Baba Annanow köçesiniň 129-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 28-71-66, 28-71-33
Elektron salgymyz: bankmekdebi.edu@sanly.tm