
MAÝA GOÝUMLARYŇ DURNUKLY YKDYSADY ÖSÜŞE TÄSIRI (2)
27.03.2025 ý.Berkarar döwletiň taze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryna maýa goýum serişdeleri iri möçberde we işjeň goýulýar. Maýa goýumlary ýurduň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, doly we netijeli peýdalanmaga, häzirki zaman iň kämil innowasion tehnologiýalary önümçilige işjeň ornaşdyrmaga we senagat önümçiligini mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilýär. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmekde maýa goýum syýasatynyň, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň ähmiýeti uludyr.
Döwletiň durmuşa geçirýän maýa goýum syýasaty ýurdumyzda maýa goýum işini has-da işjeňleşdirmek, önümçiligiň ahyrky ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak arkaly durnukly ykdysady ösüşi gazanmak, ilatyň zähmet üpjünçiligini ýokarlandyrmak, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş hajatlaryny has doly kanagatlandyrmak hem abadançylyk hal-ýagdaýyny yzygiderli pugtalandyrmak, ykdy-sady pudaklaryň işini ýokary depginde ösdürmek maksady bilen maýalyk serişdeleriň toplanylmagyna, işjeň çekilmegine, ileri tutulýan pudaklaryň we strategik ähmiýetli taslamalaryň arasynda paýlanylmagyna we özleşdirilmegine ýardam bermek bilen baglylykda amala aşyrylýan toplumlaýyn hojalyk işleriniň baş ugurlaryny öz içine alýar.
Ýurdumyzda uly möçberli maýa goýum işlerini amala aşyrmak üçin ähli ykdysady amatlyklar: ýeňillikli karz, salgyt, gümrük tölegleri babatda halkara talaplaryna laýyk gelýän berk kanunçylyk binýady döredildi. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ýurt maýa goýujylary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar, ýurdumyzyň çäginde daşary ýurt maýa goýumlary bolan maýa goýum taslamasynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhananyň bellige alnan gününden başlap bellenen hukuk goragyna, kepillendirmelerine we ýeňilliklerine eýe bolýarlar.
Şeýle amatlyklaryň döredilmegi diñe bir öz maýadarlarymyzda däl-de, eýsem, daşary ýurt maýadarlarynda hem uly gyzyklanma döredýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde, täze innowasion usullary ähli pudaklara giňden ornaşdyrmakda, kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Kiçi we orta telekeçiligiň maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge yzygiderli goldaw bermek ýurdumyz tarapyndan amala aşyrylýan maýa goýum syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Milli ykdysadyýeti ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öz beýanyny tapýar. Prezident Maksatnamasy esasynda 2022-2028-nji ýyllarda milli ykdysadyýeti ösdürmäge 278,9 mlrd. manatdan gowrak maýa goýum serişdelerini gönükdirmek we özleşdirmek meýilleşdirilýär. Milli ykdysadyýeti ösdürmek üçin 2022-nji ýylda 36,2 mlrd. manada golaý maýa goýum serişdeleri özleşdirildi we bu görkeziji 2023-nji ýylda 7,5 göterim artdy.
Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we Maýa goýum maksatnamasyna» laýyklykda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 38,5 mlrd. manat möçbe-rinde serişdeleri düýpli maýa goýumlara gönükdirmek meýilleşdirildi. Bu maýa goýum serişdeleriniň 67,8 göterimini, ýagny 26,1 mlrd. manatdan gowragyny önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirmek meýilleşdirildi. Durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna 32,2 göterim, ýagny 12,4 mlrd. manatdan gowrak möçberde maýa goýumlary gönükdirmek bellenildi. Yurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe we bank toplumy boýunça jemi 33,3 mln. manat möçberinde düýpli maýa goýum serişdeleriniň özleşdirilmegine garaşylýar.
Ýurdumyzda nebitgaz we nebit-himiýa toplumyny, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny, ulag-aragatnaşyk pudagyny, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmäge niýetlenen, daşary ýurt maýalarynyň akymyny güýçlendirmek hem-de amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek barada netijeli işler alnyp barylýar.
Milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ýokary depginde ösdürmekde, döwletimiziň barha globallaşýan bütindünýä gatnaşyklary ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyny üpjün etmegiň çäklerinde milli ulag-logistika hem-de ulag-üstaşyr geçelgelerini kemala getirmekde iri daşary ýurt maýa goýumlaryna uly ähmiýet berilýär. Olaryň netijeli çekilmegini, ýerleşdirilmegini we özleşdirilmegini üpjün etmek maksady bilen milli halkara hukuk ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. 2008-nji ýylda «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanun daşary ýurt maýa goýujylarynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň Türkmenistanyň çägindäki işiniň hukuk esaslaryny kesgitleýär we Türkmenistanda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge hem-de netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir.
Hususan-da, Kanunyň 3-nji maddasynda: «Daşary ýurt maýa goýumlary şu aşakdaky görnüşlerde amala aşyrylýar:
1) Türkmenistanyň edara görnüşindäki we şahsy taraplary bilen bilelikde kärhanalara paýly gatnaşmak;
2) daşary ýurt maýa goýujylaryna doly degişli kärhanalary, daşary ýurt edara görnüşindäki taraplaryň şahamçalaryny döretmek ýa-da hereket edýän kärhanalary eýeçilige almak;
3) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen raýat dolanyşygynda çäklendirilenden başga gozgalýan we gozgalmaýan emlägi edinmek;
4) daşary ýurt karzlaryny we ssudalary bermek;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen emläk we emläk däl hukuklary edinmek» diýip bellenendir.
Daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we olaryň möçberini artdyrmak babatynda alnyp barylýan işlerde ýurdumyzyň bank ulgamy mynasyp orny eýeleýär. Maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde we ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maliýe serişdeleriniň çekilmeginde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan ähmiýetli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de Abu Dabi Ösüş gaznasynyň bilelikde döreden «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hereket edýär. Bu kompaniýanyň esaslyk maýasynyň 50 göterimi Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň maliýe serişdeleridir. Bu amala aşyrylýan işler daşary ýurt maýadarlarynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetine maýa goýmakda uly gyzyklanma bildirýändiklerini görkezýär.
Daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde ýurdumyz birnäçe abraýly halkara maliýe guramalary bilen hem oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklap gelýär. Soňky ýyllarda Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky ýa-ly halkara maliýe guramalary bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary täze bir öwüşgine eýe bolup, ýyl-ýyldan has-da işjeňleşdirilýär hem-de çuňlaşdyrylýar. “Fitch Ratings” halkara reýting agentligi tarapyndan biziň ýurdumyza «BB» reýtingi berildi. Şeýle reýtingiň alynmagy milli ykdysadyýetiň ýokary depgin bilen durnukly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösdürilmegine, ykdysady mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk hem ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Maýa goýum işi bilen bagly gatnaşyklary hukuk taýdan düzgünleşdirmek, pudaklara we taslamalara gönükdirilýän maýalyk serişdeleriň ygtybarlylygyny has doly üpjün etmek, daşary ýurtly maýadarlaryň netijeli iş alyp barmagy üçin amatly şertleri döretmek ugrunda döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan işler maýa goýum işjeňliginiň artmagyna alyp barýar.
Allamyrat ATABAYEW,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky
Yöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymy