Çäreler
Türkmen halysynyň Milli muzeýine gezelenç.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýar. Döwlet Baştutanymyzyň milli däpleri gorap saklamaga we nesilden-nesle geçirmäge berýän ägirt uly ünsi jemgyýetiň ösüş maksatlaryna ýetmekde medeniýet ulgamyna täze taslamalary çekmäge, milli miras babatdaky gatnaşyklary giňden ösdürmäge ýardam edýär. Ruhy taýdan ösüş hem-de geçmiş baradaky hakyda, ilkinji nobatda, halkyň durmuş ýoluny many-mazmun we döredijilik kuwwaty bilen baýlaşdyrýar. 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 17-sine Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň Zenanlar guramasynyň gurnamagynda talyplar Türkmen halysynyň Milli muzeýine gezelenç guraldy. Bize ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerimiziň häzirki wagtda hem öz gymmatlygyny ýitirmän gelin-gyzlarymyz tarapyndan dowam etdirilýän amaly haşam sungatymyzy dünýä ýaýmaga döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys.
17.10.2025 ý.
Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli mekdebimiziň I ,II we III ýyl talyplarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Bank mekdebiniň sport toplumynda I, II we III ýyl talyplarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça 2025-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda bäsleşik geçirildi. Bu çäre, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, jemgyýeti saglyk we sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek maksady bilen guralýar.
Bäsleşige talyplardan düzülen oglanlar we gyzlar toparlary gatnaşýar. Sport bäsleşigiň dowamynda toparlara mekdebiň bedenterbiýe mugallymy G.B.Kakajaýew, mugallymlar H.K. Ödebaýew, B.S. Bäşimow we S.G. Babaýew eminlik etdiler.
I, II we III ýyl talyplarynyň arasynda bäsleşik indiki sport oýunlaryndan ybarat boldy: woleýbol, tanap çekmek, el güýji, şaşka, küşt, stol üstünde oýnalýan tenis, agyrlyk daş galdyrmak, kiçi futbol, oturgyçly oýun we kim çalasyn kim çakgan oýny.
Netijede, I, II we III ýyl talyplarynyň arasynda jemi utuk 21, 45 we 42 hasabynda tamamlanyp, II ýyl talyplary 45 hasap bilen ýeňiş gazandy. II orny III ýyl talyplary 42 hasap, III orny bolsa I ýyl talyplary 21 hasap bilen eýelediler.
I we II orny eýelän talyplar “Watan” kinokonsert merkezinde sentýabr aýynyň 28-ne boljak parlak ýyldyzlaryň çykyşyna petekler bilen sylaglandy.
Biz sagdyn nesli kemala getirmegiň, ýaşlara göreldeli terbiýe bermegiň her bir maşgalanyň baş maksadyna öwrülmegi üçin gije-gündiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň belent başynyň aman bolmagyny, merdana halkymyzyň saglygynyň pugtalanmagy üçin badalga beren aýdyň ýollarynyň asyrlara uzamagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
XIV-nji Spartakiadanyň basketbol boýunça ýaryşy.
Berkarar döwletiň täze eýýamyň galkynyşy döwründe sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda bedenterbiýe, sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Ýurdumyzda sport ulgamyny ösdürmek we kämillerşdirmek, onuň mümkinçiliklerini giňeltmek, täsirli sport çärelerini yzygiderli geçirmek, ýurdumyzyň orta mekdeplerinde, orta hünär okuw mekdeplerinde we ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan sporta höwesli ýaş nesillerimiziň arasynda sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ine şol ýaryşlaryň biri bolan “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIV-nji Spartakiadanyň basketbol(oglan-gyzlar) boýunça ýaryşy 2024-nji ýylyň 7-11-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebinde geçirildi. Ýaryş ilki orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirildi we örän çekeleşikli, gyzykly boldy. Gyzlaryň arasyndaky basketbol ýaryşynyň netijesinde 1-nji orna Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi, 2-nji orna Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi, biziň talyp gyzlarymyz 3-nji orna eýe boldylar. Soňra ýaryş oglanlaryň arasynda geçirildi. Oglanlaryň arasyndaky basketbol ýaryşynyň netijesinde 1-nji orna Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi, 2-nji orna Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi, biziň talyp oglanlarymyz bolsa 3-nji orna eýe boldylar. Talyplarymyzyň öňdäki orunlary eýelemekleri mekdebimizde bilimiň ähli ugurlary bilen bir hatarda bedenterbiýe we sportyň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlara hem uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Mekdebimiziň ýygyndysyny taýýarlan tälimçi (mugallym) Kakajaýew Gurban. Geçirilen ýaryşda ýer alan talyplarymyz: Orazkulyýew Şageldi, Berdiýew Bezirgen, Kurbanow Daýanç, Gutlyýew Baýmyrat, Atadurdyýew Ýazdurdy, Ýuwarow Adylmyrat, Döwranow Alihan, Hudaýýarow Mekan, Çaryýewa Nurjahan, Hangulyýewa Aýlar, Annaýewa Şirin, Annaýewa Şeker, Altymuhammedowa Altynaý, Hydyrowa Gurbanjemal.
Bank mekdebiniň agzybir kollektiwiniň adyndan ýaryşda ýer alan talyplarymyzy, şeýle-de ähli gatnaşyjylary bu üstünlik bilen gyzgyn gutlaýarys!
07.11.2024 ý.
“Taryhy hakyda bakydyr, geljek nesiller üçin ýol-ýörelgelerdir” ady bilen Änew taryhy ýadygärliklerine we “Ak bugdaý” milli muzeýine medeni gezelençler
2025-nji ýylyň mart aýynyň 19-na Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň tassyklan meýilnamasyna laýyklykda “Taryhy hakyda bakydyr, geljek nesiller üçin ýol-ýörelgelerdir” ady bilen Änew taryhy ýadygärliklerine we “Ak bugdaý” milli muzeýine medeni gezelençleri gurnaldy.
19.03.2025 ý.
Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebinde 2025-nji ýylyň mart aýynyň 17-22-si aralygynda "Parahatdyr Diýarym, Eziz Türkmenistanym" atly Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň göçme sergisi
Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Yöriteleşdirilen bank mekdebinde 2025-nji ýylyň mart aýynyň 17-22-si aralygynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň tassyklan meýilnamasyna laýyklykda "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" mynasybetli, "Parahatdyr Diýarym, Eziz Türkmenistanym" atly Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň göçme sergisi we Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň kitap sergisi geçirildi.
20.03.2025 ý.
2024-2025-nji okuw ýylda uçurym boljak talyplaryň "Daýhanbank" DTB-niň wekilleri bilen duşuşygy
       Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Yöriteleşdirilen bank mekdebinde 2025-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň "Daýhanbank” Döwlet täjirçilik bankynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Yöriteleşdirilen bank mekdebini üstünlikli tamamlaýan ýaş hünärmenleri saýlap-seçip almak arkaly işe kabul etmek maksady bilen, 2025-nji ýylda uçurym bolmaly talyplaryň arasynda umumy hünär we ýörite hünär dersler boýunça ýazmaça görnüşinde barlag işi geçirildi.
      Geçirilen barlag işi örän gowy bahalandyrylan talyplar "Daýhanbank" DTB-niň ýolbaşçylygy bilen söhbetdeşlige çagyryldy.
17.03.2025 ý.
 
                                         
                    



