Çäreler
"1-nji sentýabr – bilimler we talyp ýaşlar güni"
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça uly ösüşler, guwandyryjy we buýsandyryjy üstünlikler gazanylýar, il-ýurt, umumadamzat bähbitli giň gerimli özgertmeler depginli amala aşyrylýar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylymyz eziz ata Watanymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda agzybir we merdana halkymyz üçin taryhy ähmiýetli buýsançly hem-de guwançly wakalar bilen beslenýär.
Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebinde 1–nji sentýabrda ir sagat 07:00-da “1–nji sentýabr - bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli baýramçylyk çäre geçirildi. Onda Hormatly Prezidentimiziň adyndan talyp ýaşlara, mugallymlara we bilim işgärlerine iberilen gutlag haty okaldy. Şeýle hem Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymlarynyň adyndan 1-nji ýyl talyplara gutlag sözleri aýdyldy, olara okuwda üstünlikler arzuw edildi. Soňra okuwa täze giren talyplara “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” sapagy geçirildi.
Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebinde geçirilen 8-nji maslahat
Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döreden okuw-usuly geňeşiniň meýilnamasy boýunça Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebinde geçirilen 8-nji maslahat
Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebinde 2024-nji ýylyň iýun aýynyň 21-ne ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasyndaky 8-nji okuw-usuly maslahat geçirildi. Mekdebiň direktorynyň orunbasary A.T. Meredow gün tertibi bilen tanyşdyrdy we geçirilýän maslahatyň ähmiýeti barada aýdyp geçdi. Soňra Türkmenistanyň karz edaralary üçin hünärmenleri taýýarlamak öz taryhyny 1994-nji ýyldan alyp gaýdýandygy, häzirki wagtda ýurdumyzyň bank ulgamy üçin orta hünär bilimli hünärmenler Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebinde taýýarlanýandygyny belläp, mekdebiň işjeňligi barada gysgaça gürrüň berdi. Mundan başgada, mekdepde 2022-nji ýyla çenli üç hünär, ýagny, Banklarda buhgalterçilik hasaba alnyşy; Bank karzlaşdyrmasy; Bank amallarynyň tehnologiýasy hünärleri boýunça orta hünär bilimli hünärmenler taýýarlanyp, şu okuw ýylyndan başlap bolsa Bank işlerini programmirleşdirmek hünäriniň açylandygy barada aýdyp geçdi.
Soňra mekdebiň mugallymy Bahar Baýramowa ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda garaşsyz toparlary döretmek we hasap-synaglaryň obýektiwliligini barlamak barada çykyş etdip, bank mekdebinde hasap-synag möwsüminde talyplaryň obýektiw bahalandyrylyşyna barlagy geçirmek üçin jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda garaşsyz topar hem-de hasap-synag möwsümi döwründe talyplaryň arzalaryna we şikaýatlaryna seretmek üçin arza-şikaýatlara garaýan toparyň döredilendigi barada aýdyp, geçirilen işleriň mysallaryny we nusgalaryny slaýtlaryň üsti bilen görkezdi.
Ikinji bolup, Aşgabat şäherindäki mehanika tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň okuw bölüminiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary – Şanazar Çäşemowiç Muhyýew orta hünär okuw mekdepleriniň okuw işiniň hiliniň ölçeglerini we görkezijilerini hasaplamagyň usulyýetini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň buýrugynyň ýerine ýetirilişi barada çykyş edip, buýrugyň umumy düzgünleri, programma üpjünçiliginiň elýeterliligi, okuw işiniň hiliniň ölçeglerini we görkezijilerini hasaplamagyň usulyýeti, ýagny, okuw kitaplary we gollanmalary, sapaklaryň wideoýazgylar bilen üpjünçiliginiň derejeleri, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde geçirilen hasap-synag möwsümleriniň hem-de dersler boýunça geçirilýän Döwlet bäsleşiginiň netijeleriniň görkezijileri barada giňişleýin çykyş etdi.
Indiki çykyş “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiň mugallymy Gülnar Hudaýberenowna Rahmanowa Sosial torlary ulanmakda ýüze çykýan meseleler we olary dogry ulanmaklygy ündemegiň zerurlygy barada çykyş etdi. Çykyşynda XXI asyrda sosial toruň ählimiziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolup, ýaşaýyş-durmuşymyzy ýeňilleşdirýändigi, sosial torlaryň görnüşleri, olary ulanmakda ýüze çykýan meseleler hem-de olaryň çözgütleri, durmuşymyzyň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň we sosial torlaryň ornaşdyrylyşy barada aýdyp, dürli mysallaryň üsti bilen giňişleýin çykyş etdi.
Maslahatyň soňunda gatnaşyjylar çykyşlar boýunça sorag-jogap we pikir alyşdylar.
Maslahat Ýöriteleşdirilen Bank mekdebiniň çeper höwesjeňler toparlarynyň çykyşlary bilen jemlendi.