Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;  
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);  
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy we nusgasy); 
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;  
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;  
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;  
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;  
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;  
—okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar. 
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:  
— pasportyny;  
—harby şahadatnamasyny ýa-da hasaba goýulandygy hakynda  şahadatnamasyny ; 
-	ene-atasynyň pasportynyň nusgasy. 
-	Elektron (disk) we kagyz görnüşinde maglumatnama we üç arka maglumat. 
 


