Çäreler

“Taryhy hakyda bakydyr, geljek nesiller üçin ýol-ýörelgelerdir” ady bilen Änew taryhy ýadygärliklerine we “Ak bugdaý” milli muzeýine medeni gezelençler

2025-nji ýylyň mart aýynyň 19-na Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň tassyklan meýilnamasyna laýyklykda “Taryhy hakyda bakydyr, geljek nesiller üçin ýol-ýörelgelerdir” ady bilen Änew taryhy ýadygärliklerine we “Ak bugdaý” milli muzeýine medeni gezelençleri gurnaldy.

23.04.2025

2024-2025-nji okuw ýylda uçurym boljak talyplaryň "Daýhanbank" DTB-niň wekilleri bilen duşuşygy

       Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Yöriteleşdirilen bank mekdebinde 2025-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň "Daýhanbank” Döwlet täjirçilik bankynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Yöriteleşdirilen bank mekdebini üstünlikli tamamlaýan ýaş hünärmenleri saýlap-seçip almak arkaly işe kabul etmek maksady bilen, 2025-nji ýylda uçurym bolmaly talyplaryň arasynda umumy hünär we ýörite hünär dersler boýunça ýazmaça görnüşinde barlag işi geçirildi.
      Geçirilen barlag işi örän gowy bahalandyrylan talyplar "Daýhanbank" DTB-niň ýolbaşçylygy bilen söhbetdeşlige çagyryldy.

 

23.04.2025

I we II ýyl talyplarynyň arasynda sportuň görnüşleri boýunça bäsleşik.

       Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ýurdumyzda her ýylyň aprel aýy saglyk we sport aýy hökmünde bellenilýär. Bu aýda ýurduň ähli künjeklerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, jemgyýeti saglyk we sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek maksady bilen dürli çäreler guralýar.

        Bank mekdebiniň I we II ýyl talyplarynyň arasynda hem sportuň görnüşleri boýunça 2025-nji ýylyň 12-nji aprelinde mekdebiň sport toplumynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşige talyplardan düzülen oglanlar we gyzlar toparlary gatnaşýar. Sport bäsleşigiň dowamynda I ýyllyk talyp toparlara mekdebiň mugallymy  B.M.Ussaýew  we II ýyllyk talyp toparlara O.Möjekow  ýolbaşçylyk etdiler.

       I we II ýyl talyp gyzlarynyň arasynda bäsleşik indiki sport oýunlaryndan ybarat boldy: woleýbol, tanap çekmek, el güýji, şaşka, küşt, stol tenisi, oturgyçly oýun we kim çalasyn kim çakgan. I we II ýyl talyp oglanlarynyň arasynda bäsleşik indiki sport oýunlaryndan ybarat boldy: woleýbol, tanap çekmek, agyr daş götermek, el güýji, şaşka, küşt, stol tenisi, oturgyçly oýun, kim çalasyn kim çakgan we futbol.

       Netijede, I we II ýyl talyp gyzlarynyň arasynda jemi utuk  2-6 hasabynda tamamlanyp, II ýyl talyp gyzlar ýeňiş gazandy. I we II ýyl talyp oglanlarynyň arasynda jemi utuk  4-6 hasabynda tamamlanyp, II ýyl talyp oglanlar ýeňiş gazandy. 

       Biz sag­dyn nes­li ke­ma­la ge­tir­me­giň, ýaş­la­ra gö­rel­de­li ter­bi­ýe ber­me­giň her bir maş­ga­la­nyň baş mak­sa­dy­na öw­rül­me­gi üçin gi­je-gün­diz ala­da ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň be­lent ba­şy­nyň aman bol­ma­gy­ny, mer­da­na hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­nyň pug­ta­lan­ma­gy üçin ba­dal­ga be­ren aý­dyň ýol­la­ry­nyň asyr­la­ra uza­ma­gy­ny tüýs ýü­rek­den ar­zuw ed­ýä­ris!

18.04.2025

Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebinde 2025-nji ýylyň mart aýynyň 17-22-si aralygynda "Parahatdyr Diýarym, Eziz Türkmenistanym" atly Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň göçme sergisi

Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Yöriteleşdirilen bank mekdebinde 2025-nji ýylyň mart aýynyň 17-22-si aralygynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň tassyklan meýilnamasyna laýyklykda "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" mynasybetli, "Parahatdyr Diýarym, Eziz Türkmenistanym" atly Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň göçme sergisi we Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň kitap sergisi geçirildi.

20.03.2025

XIV-nji Spartakiadanyň basketbol boýunça ýaryşy.

Berkarar döwletiň täze eýýamyň galkynyşy   döwründe  sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda bedenterbiýe, sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Ýurdumyzda sport ulgamyny ösdürmek  we kämillerşdirmek, onuň mümkinçiliklerini giňeltmek, täsirli sport çärelerini  yzygiderli geçirmek, ýurdumyzyň orta mekdeplerinde, orta hünär okuw mekdeplerinde  we ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan sporta höwesli ýaş nesillerimiziň arasynda sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ine şol ýaryşlaryň biri bolan “Türkmenistan – ruhubelentligiň  we sagdynlygyň ýurdy” atly XIV-nji Spartakiadanyň basketbol(oglan-gyzlar) boýunça ýaryşy 2024-nji ýylyň 7-11-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebinde geçirildi. Ýaryş ilki orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirildi  we örän  çekeleşikli, gyzykly boldy. Gyzlaryň arasyndaky basketbol ýaryşynyň netijesinde 1-nji orna Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi, 2-nji orna Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi, biziň talyp gyzlarymyz 3-nji orna eýe boldylar. Soňra ýaryş oglanlaryň arasynda geçirildi. Oglanlaryň arasyndaky basketbol ýaryşynyň netijesinde 1-nji orna Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi,  2-nji orna Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi, biziň talyp oglanlarymyz bolsa 3-nji orna eýe boldylar. Talyplarymyzyň öňdäki orunlary  eýelemekleri mekdebimizde bilimiň ähli ugurlary bilen bir hatarda bedenterbiýe  we sportyň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlara hem  uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Mekdebimiziň  ýygyndysyny taýýarlan tälimçi (mugallym) Kakajaýew Gurban. Geçirilen ýaryşda ýer alan  talyplarymyz: Orazkulyýew Şageldi, Berdiýew Bezirgen, Kurbanow Daýanç, Gutlyýew Baýmyrat, Atadurdyýew Ýazdurdy,  Ýuwarow Adylmyrat,  Döwranow Alihan, Hudaýýarow Mekan, Çaryýewa Nurjahan, Hangulyýewa Aýlar, Annaýewa Şirin, Annaýewa Şeker, Altymuhammedowa Altynaý, Hydyrowa Gurbanjemal.

    Bank mekdebiniň agzybir kollektiwiniň adyndan ýaryşda ýer alan talyplarymyzy, şeýle-de ähli gatnaşyjylary bu üstünlik bilen gyzgyn gutlaýarys!

18.11.2024

"1-nji sentýabr – bilimler we talyp ýaşlar güni"

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça uly ösüşler, guwandyryjy we buýsandyryjy üstünlikler gazanylýar, il-ýurt, umumadamzat bähbitli giň gerimli özgertmeler depginli amala aşyrylýar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň  300 ýyllygy mynasybetli “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylymyz eziz ata Watanymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň  syýasy,  ykdysady, medeni durmuşynda agzybir we merdana halkymyz üçin taryhy ähmiýetli buýsançly hem-de guwançly wakalar bilen beslenýär.

Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebinde 1–nji sentýabrda ir sagat 07:00-da “1–nji sentýabr - bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli baýramçylyk çäre geçirildi. Onda Hormatly Prezidentimiziň adyndan talyp ýaşlara, mugallymlara we bilim işgärlerine iberilen gutlag haty okaldy. Şeýle hem Ýöriteleşdirilen  bank  mekdebiniň mugallymlarynyň adyndan 1-nji ýyl talyplara gutlag sözleri aýdyldy, olara okuwda üstünlikler arzuw edildi. Soňra okuwa  täze giren talyplara “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” sapagy geçirildi.

03.09.2024