
XIV-nji Spartakiadanyň basketbol boýunça ýaryşy.
18.11.2024 ý.Berkarar döwletiň täze eýýamyň galkynyşy döwründe sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda bedenterbiýe, sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Ýurdumyzda sport ulgamyny ösdürmek we kämillerşdirmek, onuň mümkinçiliklerini giňeltmek, täsirli sport çärelerini yzygiderli geçirmek, ýurdumyzyň orta mekdeplerinde, orta hünär okuw mekdeplerinde we ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan sporta höwesli ýaş nesillerimiziň arasynda sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ine şol ýaryşlaryň biri bolan “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIV-nji Spartakiadanyň basketbol(oglan-gyzlar) boýunça ýaryşy 2024-nji ýylyň 7-11-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebinde geçirildi. Ýaryş ilki orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirildi we örän çekeleşikli, gyzykly boldy. Gyzlaryň arasyndaky basketbol ýaryşynyň netijesinde 1-nji orna Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi, 2-nji orna Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi, biziň talyp gyzlarymyz 3-nji orna eýe boldylar. Soňra ýaryş oglanlaryň arasynda geçirildi. Oglanlaryň arasyndaky basketbol ýaryşynyň netijesinde 1-nji orna Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi, 2-nji orna Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi, biziň talyp oglanlarymyz bolsa 3-nji orna eýe boldylar. Talyplarymyzyň öňdäki orunlary eýelemekleri mekdebimizde bilimiň ähli ugurlary bilen bir hatarda bedenterbiýe we sportyň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlara hem uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Mekdebimiziň ýygyndysyny taýýarlan tälimçi (mugallym) Kakajaýew Gurban. Geçirilen ýaryşda ýer alan talyplarymyz: Orazkulyýew Şageldi, Berdiýew Bezirgen, Kurbanow Daýanç, Gutlyýew Baýmyrat, Atadurdyýew Ýazdurdy, Ýuwarow Adylmyrat, Döwranow Alihan, Hudaýýarow Mekan, Çaryýewa Nurjahan, Hangulyýewa Aýlar, Annaýewa Şirin, Annaýewa Şeker, Altymuhammedowa Altynaý, Hydyrowa Gurbanjemal.
Bank mekdebiniň agzybir kollektiwiniň adyndan ýaryşda ýer alan talyplarymyzy, şeýle-de ähli gatnaşyjylary bu üstünlik bilen gyzgyn gutlaýarys!