Türkmenistanyň Merkezi banky

Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky

Ýöriteleşdirilen bank mekdebi

Bank mekdebi barada

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bank ulgamynyň ösüşine möhüm orun berilýär. Bank ulgamyny ösdürmekde ýokary derejede taýýarlanan hünärmenleri ýetişdirmek örän wajyp meseleleriň hatarynda durýar. Türkmenistanyň karz edaralary üçin hünärmenleri taýýarlamak öz taryhyny 1994-nji ýyldan alyp gaýdýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň bank ulgamy üçin orta bilimli hünärmenler Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebinde taýýarlanýar.
Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan esaslandyrylan orta hünär bilimi edarasy bolup durýan Yöriteleşdirilen bank mekdebinde türkmen milli manadynyň hümmetini ýokarlandyrmak, bank hyzmatlaryny giňeltmek we hil taýdan täze, has ýokary derejä götermek, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny we innowasion tehnologiýalry ornaşdyrmak, pul serişdeleriniň kadaly dolanşygyny üpjün etmek, serişdeleri karzlar we maýa goýumlar göňrnüşinde ýerleşdirip netijeli peýdalanmak, täze maliýe gurallaryny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak ýaly möhüm wezipeleri çözmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamak üçin maddy-enjamlaşdyryş we durmuş-ykdysady mümkinçilikler döredilendir.

...
Ýöriteleşdirilen bank mekdebinde:
  • Banklarda buhgalterçilik hasaba alnyşy
  • Bank karzlaşdyrmasy
  • Bank amallarynyň tehnologiýasy
  • Bank işlerini programmirleşdirmek

hünärleri boýunça orta hünär bilimli hünärmenler taýýarlanýar.

...
Multimediýa serişdeleri

Ýöriteleşdirilen bank mekdebinde kompýuterler hem-de multimediýa serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglarynda interaktiw usul boýunça talyplara bilim berilýär. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, täjirçilik banklaryň , ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň hünärmenleri talyplar bilen goşmaça okuw sapaklaryny geçýärler. Mekdepde iňlis dili dersi boýunça iki sany ýörite enjamlaşdyrylan okuw otagy bolup, olarda talyplara başlangyç we işewir iňlis dili öwredilýär.

...
Geçilýän sapaklar

Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyplaryna Häzrki zaman türkmen jemgyýeti, Ykdysady nazaryýet, Maliýe we pul dolanşygy, Bank işi, Etika we estetika, Bank menejmenti, Bank marketingi, Buhgalter buhgalter hasaby, Bank karzlaşdyrmasy, Bank işiniň seljermesi, Bank işini meýilnamalaşdyrmak, Banklaryň auditi, Statistika, Bank maglumatlarynyň awtomatlaşdyrylan ulgamy, Kartly töleg ulgamy, Bank hukugy, Bank töwekgelçiligini dolandyrmak we beýleki derslerden çuňňur bilim berilýär.

Habarlaşmak üçin

Salgymyz:

744025, Aşgabat şäheri, Berkararlyk etraby, Baba Annanow köçe, 129 TM

bankmekdebi.edu@sanly.tm

(+99312) 28-71-33;28-71-02

Bank mekdebi kartada