Täzelikler

"Pararahatçylyk we ynanyşmak – dost - doganlygyň kepili" atly temadan iňlis dilinde düzme ýazmak bäsleşigi

        Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" mynasybetli Türkmen döwlet maliýe institutynyň "Daşary ýurt dilleri" kafedrasynyň guramagynda "Parahatçylyk we ynanyşmak - dost-doganlygyň kepili" atly tema boýunça bäsleşikleri geçirmegiň tertibine laýyklykda, instituta berkidilen Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň we Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda iňlis dilinde düzme ýazmak bäsleşigi geçirildi.

        Bu bäsleşikde  mekdebimiziň 1-2-nji ýyl talyplary: Hojaýewa Aýlar, Öwezgeldiýewa Aýjahan, Agamyradowa Tylla, Yzbasdyýewa Amangül, Garaýewa Şeker, Täjiýewa Jemal, Hakyýewa Tawus, Isgendderowa Arzygül, Maksadowa Gülzada, Gutlyýew Baýmyrat we Muhadowa Nurana gatnaşdylar. Talyplarymyzdan I baýrakly orny Garaýewa Şeker, II orny Öwezgeldiýewa Aýjahan,  III orny Gutlyýew Baýmyrat eýelediler.

23.04.2025

“Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça internet bäsleşigi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" mynasybetli Türkmen döwlet maliýe institutynyň guramagynda, aprel aýynyň 9-na   ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bilim boýunça özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek maksady bilen orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda “Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça internet bäsleşigi geçirildi.

           Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlaryny has-da kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň çäklerinde talyp ýaşlary kämil hünärmenler edip ýetişdirmek, olaryň nazary bilimlerini artdyrmak, amaly ukyp-başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen, Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Yöriteleşdirilen bank mekdebiniň, Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda «Sanly ykdysadyýet» dersi boýunça internet bäsleşiginde  mekdebimiziň 2-nji ýyl talyplary: Mämedow Nuraly, Garaýewa Şeker, Täjiýewa Jemal, Mammetnazarowa Gülzar, Ankarowa Mahriban, Garlyýewa Ejemak, Kazakowa Aýgül, Rejebowa Altyn, Orazowa Mährijemal we Bahadurowa Nurana gatnaşdylar. Toplan ballary boýunça talyplarymyzdan 1-nji baýrakly orny Mämedow Nuraly we Garaýewa Şeker, 2-nji orny Täjiýewa Jemal we Mammetnazarowa Gülzar, 3-nji orny Ankarowa Mahriban, Garlyýewa Ejemak we  Kazakowa Aýgül eýelediler.

23.04.2025

“Ykdysady nazaryýet” dersi boýunça internet bäsleşigi

           Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" mynasybetli Türkmen döwlet maliýe institutynyň guramagynda, aprel aýynyň 11-ne   ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bilim boýunça özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek maksady bilen orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda “Ykdysadynazaryýet” dersi boýunça internet bäsleşigi geçirildi.

           Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlaryny has-da kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň çäklerinde talyp ýaşlary kämil hünärmenler edip ýetişdirmek, olaryň nazary bilimlerini artdyrmak, amaly ukyp-başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen, Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Yöriteleşdirilen bank mekdebiniň, Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda « Ykdysady nazaryýet » dersi boýunça internet internet bäsleşikde  mekdebimiziň 1-2-nji ýyl talyplary: Toýçiýewa Aýlar, Dörtgulyýewa Arzygül, Annaýewa Bägül, Garajaýewa Ogulşat, Hojamuhammedowa Aýbölek, Hojaýewa Aýlar, Öwezgeldiýewa Mährijemal, Öwezgeldiýewa Aýjahan, Söýünowa Aýlar we Meredowa Aýjemal gatnaşdylar. Toplan ballary boýunça talyplarymyzdan 1-nji baýrakly orny Toýçiýewa Aýlar, 2-nji orny Annaýewa Bägül, Garajaýewa Ogulşat we Hojamuhammedowa Aýbölek, 3-nji orny Dörtgulyýewa Arzygül, Hojaýewa Aýlar we Öwezgeldiýewa Mährijemal eýelediler.

18.04.2025

«TARYH ŞU ÝERDEN BAŞLANÝAR» ATLY ESSE ÝAZMAK BÄSLEŞIGI.

         Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda türkmen ýaşlaryny ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgesi esasynda milli ruhda terbiýelemek olarda watansöýüjilik, agzybirlik, ata Watanymyza merdana halkymyza bolan buýsançlaryny ösdürmek, hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyza, edebi we taryhy şahsyýetlerimize, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza goýýan sarpasyny ýaýbaňlandyrmak, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň many-mazmunyny açyp görkezmek, ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek hem-de talyp ýaşlaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan «Taryh şu ýerden başlanýar» atly esse ýazmak bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyplary gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelediler. Mekdebimiziň 2-nji ýyl talyby Mämmetnazarowa Gülzar bäsleşige işjeň gatnaşyp, “Baş baýraga” mynasyp boldy. Bäsleşikde 2-nji ýyl talybymyz Täjiýewa Jemal III orny eýeläp, gymmat bahaly sowgat bilen sylaglandy. Talyplarymyzy gutlamak bilen okuwlarynda üstünlikler arzuw edýäris!

       Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň okap-bilim almaklary, öz hünäriniň eýesi bolup ýetişmekleri üçin şeýle ajaýyp şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri rowaç alsyn!

 

12.03.2025

«TALYP GÖZELI – 2025» BÄSLEŞIGI

           Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp gyzlary ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemek, olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek hem-de ösdürmek, talyp gyzlaryň çeperçilik ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de Halkara zenanlar güni mynasybetli Arkadag we Aşgabat şäherleriniň hem-de Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Milliligim buýsanjym, başlara göwher täjim» şygary bilen “Talyp gözeli 2025” atly edebi-döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige mekdebimiziň 2-nji ýyl talyby Täjiýewa Jemal gatnayp, II orna mynasyp boldy.

         Türkmen zenanlarynyň mertebesini belende göterýän il-günüň Arkadagy, ýaşlaryň howandary Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

 

 

12.03.2025

“Ýaş tälimçilere görelde”

        2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda  ýurdumyzda ýokary derejeli sport we köpçülikleýin-bedenterbiýe hereketiniň ösmeginiň dowam etmegi, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek üçin giňişleýin çäreleriň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň üns merkezinde saklanýar. Soňky ýyllarda türkmen sportynyň dünýä arenasyndaky abraýy barha artýar. Döwlet edaralarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň we orta hünär okuw mekdepleriň arasynda-da dürli sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. 

        Mekdebimiziň tälimçi-mugallymy Kakajaýew Gurbannazar 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda, ýanwar aýynyň 30-na geçirilen Ýeňil Atletika boýunça Türkmenistanyň gyşky çempionatyna gatnaşmak bilen, daş iteklemek boýunça 15,38 m  netije görkezip, baýrakly I orna eýe boldy we ýeňiş gazandy.

         Bank mekdebiniň agzybir kollektiwiniň adyndan kärdeşimizi gutlamak bilen indiden beýläk onuň sport karýerasynda üstünlik we uly ýeňişleri arzuw edýäris!

19.02.2025