“Bitaraplyk, doganlyk – saýlan aýdyň ýolumyz, ynanyşmak, jebisleşmek berkararlyk şanymyz” atly bilim bäsleşigi
29.11.2025 ý.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de “Saglyk” Döwlet Maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň guramagynda 2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda “Bitaraplyk, doganlyk – saýlan aýdyň ýolumyz, ynanyşmak, jebisleşmek berkararlyk şanymyz” ady bilen bilim bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde “Banklarda buhgalterçilik hasaba alynyşy” hünäriniň II ýyl talyby Gurbanlyýewa Göwher 3-nji baýrakly orny eýeleläp, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň taýýarlan hormat haty we ýörite sowgat bilen sylaglanyldy.