
“Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça internet bäsleşigi
23.04.2025 ý.Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" mynasybetli Türkmen döwlet maliýe institutynyň guramagynda, aprel aýynyň 9-na ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bilim boýunça özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek maksady bilen orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda “Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça internet bäsleşigi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlaryny has-da kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň çäklerinde talyp ýaşlary kämil hünärmenler edip ýetişdirmek, olaryň nazary bilimlerini artdyrmak, amaly ukyp-başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen, Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Yöriteleşdirilen bank mekdebiniň, Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda «Sanly ykdysadyýet» dersi boýunça internet bäsleşiginde mekdebimiziň 2-nji ýyl talyplary: Mämedow Nuraly, Garaýewa Şeker, Täjiýewa Jemal, Mammetnazarowa Gülzar, Ankarowa Mahriban, Garlyýewa Ejemak, Kazakowa Aýgül, Rejebowa Altyn, Orazowa Mährijemal we Bahadurowa Nurana gatnaşdylar. Toplan ballary boýunça talyplarymyzdan 1-nji baýrakly orny Mämedow Nuraly we Garaýewa Şeker, 2-nji orny Täjiýewa Jemal we Mammetnazarowa Gülzar, 3-nji orny Ankarowa Mahriban, Garlyýewa Ejemak we Kazakowa Aýgül eýelediler.