
"Pararahatçylyk we ynanyşmak – dost - doganlygyň kepili" atly temadan iňlis dilinde düzme ýazmak bäsleşigi
23.04.2025 ý.Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" mynasybetli Türkmen döwlet maliýe institutynyň "Daşary ýurt dilleri" kafedrasynyň guramagynda "Parahatçylyk we ynanyşmak - dost-doganlygyň kepili" atly tema boýunça bäsleşikleri geçirmegiň tertibine laýyklykda, instituta berkidilen Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň we Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda iňlis dilinde düzme ýazmak bäsleşigi geçirildi.
Bu bäsleşikde mekdebimiziň 1-2-nji ýyl talyplary: Hojaýewa Aýlar, Öwezgeldiýewa Aýjahan, Agamyradowa Tylla, Yzbasdyýewa Amangül, Garaýewa Şeker, Täjiýewa Jemal, Hakyýewa Tawus, Isgendderowa Arzygül, Maksadowa Gülzada, Gutlyýew Baýmyrat we Muhadowa Nurana gatnaşdylar. Talyplarymyzdan I baýrakly orny Garaýewa Şeker, II orny Öwezgeldiýewa Aýjahan, III orny Gutlyýew Baýmyrat eýelediler.