 
                Türkmen halysynyň Milli muzeýine gezelenç.
25.10.2025 ý.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýar. Döwlet Baştutanymyzyň milli däpleri gorap saklamaga we nesilden-nesle geçirmäge berýän ägirt uly ünsi jemgyýetiň ösüş maksatlaryna ýetmekde medeniýet ulgamyna täze taslamalary çekmäge, milli miras babatdaky gatnaşyklary giňden ösdürmäge ýardam edýär. Ruhy taýdan ösüş hem-de geçmiş baradaky hakyda, ilkinji nobatda, halkyň durmuş ýoluny many-mazmun we döredijilik kuwwaty bilen baýlaşdyrýar. 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 17-sine Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň Zenanlar guramasynyň gurnamagynda talyplar Türkmen halysynyň Milli muzeýine gezelenç guraldy. Bize ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerimiziň häzirki wagtda hem öz gymmatlygyny ýitirmän gelin-gyzlarymyz tarapyndan dowam etdirilýän amaly haşam sungatymyzy dünýä ýaýmaga döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys.
17.10.2025 ý.
