
I we II ýyl talyplarynyň arasynda sportuň görnüşleri boýunça bäsleşik.
29.05.2025 ý.Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ýurdumyzda her ýylyň aprel aýy saglyk we sport aýy hökmünde bellenilýär. Bu aýda ýurduň ähli künjeklerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, jemgyýeti saglyk we sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek maksady bilen dürli çäreler guralýar.
Bank mekdebiniň I we II ýyl talyplarynyň arasynda hem sportuň görnüşleri boýunça 2025-nji ýylyň 12-nji aprelinde mekdebiň sport toplumynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşige talyplardan düzülen oglanlar we gyzlar toparlary gatnaşýar. Sport bäsleşigiň dowamynda I ýyllyk talyp toparlara mekdebiň mugallymy B.M.Ussaýew we II ýyllyk talyp toparlara O.Möjekow ýolbaşçylyk etdiler.
I we II ýyl talyp gyzlarynyň arasynda bäsleşik indiki sport oýunlaryndan ybarat boldy: woleýbol, tanap çekmek, el güýji, şaşka, küşt, stol tenisi, oturgyçly oýun we kim çalasyn kim çakgan. I we II ýyl talyp oglanlarynyň arasynda bäsleşik indiki sport oýunlaryndan ybarat boldy: woleýbol, tanap çekmek, agyr daş götermek, el güýji, şaşka, küşt, stol tenisi, oturgyçly oýun, kim çalasyn kim çakgan we futbol.
Netijede, I we II ýyl talyp gyzlarynyň arasynda jemi utuk 2-6 hasabynda tamamlanyp, II ýyl talyp gyzlar ýeňiş gazandy. I we II ýyl talyp oglanlarynyň arasynda jemi utuk 4-6 hasabynda tamamlanyp, II ýyl talyp oglanlar ýeňiş gazandy.
Biz sagdyn nesli kemala getirmegiň, ýaşlara göreldeli terbiýe bermegiň her bir maşgalanyň baş maksadyna öwrülmegi üçin gije-gündiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň belent başynyň aman bolmagyny, merdana halkymyzyň saglygynyň pugtalanmagy üçin badalga beren aýdyň ýollarynyň asyrlara uzamagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
12.04.2025 ý.