
"Zehin bäsleşigi"
29.05.2025 ý.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyplarynyň arasynda "Zehin bäsleşigi" geçirildi. Mekdebimiziň 1-nji ýyl (kurs) talyplarynyň toparlaryndan düzülen komandalar we 2-nji ýyl (kurs) talyplarynyň toparlaryndan düzülen komandalar özara bäsleşdiler. "Zehin bäsleşigi" indiki ugurlar boýunça geçirildi: “Ykdysadyýet, maliýe we bank”, “Türkmenistanyň taryhy we häzirki zaman türkmen jemgyýeti”, we “Kompýuter ylymlary we sanly ykdysadyýet”.
Bäsleşigiň soňunda “Bank işlerini programmirleşdirmek” hünäriniň 2-nji ýyl (kurs) talyplarynyň toparlaryndan düzülen komanda we “Banklarda buhgalterçilik hasaba alnyşy” hünäriniň 1-nji ýyl (kurs) talyplarynyň toparlaryndan düzülen komanda finala çykdylar. Netijede, “Bank işlerini programmirleşdirmek” hünäriniň 2-nji ýyl (kurs) talyplarynyň toparlaryndan düzülen komanda ýeňiş gazanyp, 1-nji baýrakly orny eýelediler. Ýeňiş gazanan komandanyň düzümindäki talyplar: Agaýew Kerim, Orazkulyýew Şageldi, Gutlyýew Baýmyrat, Ataýewa Oguljennet, Garajaýewa Ogulşat we Taganbaýewa Elnara.
Bank mekdebiniň mugallymlarynyň adyndan talyplarymyzy gutlamak bilen okuwlarynda üstünlikler arzuw edýäris!
17.05.2025 ý.