
MAÝA GOÝUM SYÝASATYNYŇ DURNUKLY YKDYSADY ÖSÜŞE TÄSIRI (1)
27.03.2025 ý.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryna maýa goýum serişdeleri goýulýar. Maýa goýumlary ýurduň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, doly we netijeli peýdalanmaga, häzirki zaman iň kämil innowasion tehnologiýalary önümçilige işjeň ornaşdyrmaga we senagat önümçiligini mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilýär. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmekde maýa goýum syýasatynyň, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň ähmiýeti uludyr.
Döwletiň durmuşa geçirýän maýa goýum syýasaty - maýa goýum işini işjeňleşdirmek, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak arkaly ykdysady ösüşi gazanmak we ilatyň durmuş meselelerini oňyn çözmek maksady bilen amala aşyrylýan hojalyk işleriniň toplumydyr. Ýurdumyzda uly möçberli maýa goýum işlerini amala aşyrmak üçin ähli ykdysady amatlyklar: ýeňillikli karz, salgyt, gümrük tölegleri babatda halkara talaplaryna laýyk gelýän berk kanunçylyk binýady döredildi. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ýurt maýa goýujylary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar, ýurdumyzyň çäginde daşary ýurt maýa goýumlary bolan maýa goýum taslamasynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhananyň bellige alnan gününden başlap bellenen hukuk goragyna, kepillendirmelerine we ýeňilliklerine eýe bolýarlar. Şeýle amatlyklaryň döredilmegi diňe bir öz maýadarlarymyzda däl-de, eýsem, daşary ýurt maýadarlarynda hem uly gyzyklanma döredýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde, täze innowasion usullary ähli pudaklara giňden ornaşdyrmakda, kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Kiçi we orta telekeçiligiň maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge yzygiderli goldaw bermek ýurdumyz tarapyndan amala aşyrylýan maýa goýum syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Milli ykdysadyýeti ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öz beýanyny tapýar. Prezident Maksatnamasy esasynda 2022-2028-nji ýyllarda milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge 278,9 mlrd. manatdan gowrak maýa goýum serişdelerini gönükdirmek we özleşdirmek meýilleşdirilýär. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek üçin 2022-nji ýylda 36,2 mlrd. manada golaý maýa goýum serişdeleri özleşdirildi we bu görkeziji 2023-nji ýylda 7,5 göterim artdy.
«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we Maýa goýum maksatnamasyna» laýyklykda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 38,5 mlrd. manat möçberinde düýpli maýa goýumlara gönükdirmek meýilleşdirildi. Bu maýa goýum serişdeleriniň 67,8 göterimini, ýagny 26,1 mlrd. manatdan gowragyny önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirmek meýilleşdirildi. Durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna 32,2 göterim, ýagny 12,4 mlrd. manatdan gowrak möçberde maýa goýumlary gönükdirmek bellenildi. Ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe we bank toplumy boýunça jemi 33,3 mln. manat möçberde düýpli maýa goýum serişdeleriň özleşdirilmegine garaşylýar.
Ýurdumyzda nebitgaz we nebit-himiýa toplumyny, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny, ulag-aragatnaşyk pudagyny, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmäge niýetlenen, daşary ýurt maýalarynyň akymyny güýçlendirmek hem-de amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek barada netijeli işler alnyp barylýar.
Daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we olaryň möçberini artdyrmak babatynda alnyp barylýan işlerde ýurdumyzyň bank ulgamy mynasyp orny eýeleýär. Maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde we ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maliýe serişdeleriniň çekilmeginde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan ähmiýetli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de Abu Dabi Ösüş gaznasynyň bilelikde döreden «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hereket edýär. Bu kompaniýanyň esaslyk maýasynyň 50 göterimi Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň maliýe serişdeleridir. Bu amala aşyrylýan işler daşary ýurt maýadarlarynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetine maýa goýmakda uly gyzyklanma bildirýändiklerini görkezýär.
Daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde ýurdumyz birnäçe abraýly halkara maliýe guramalar bilen hem oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklap gelýär. Soňky ýyllarda Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky ýaly halkara maliýe guramalar bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary täze bir öwüşgüne eýe bolup, ýyl-ýyldan has-da işjeňleşdirilýär hem-de çuňlaşdyrylýar. «Fitch Ratings» halkara reýting agentligi biziň ýurdumyza «B+ oňyn» reýtingi berdi. Şeýle reýtingiň alynmagy ykdysadyýetimiziň durnukly ýokary depgin bilen ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösdürilmegine, ykdysady mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna hem-de raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk hem ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Mähriban halkyny asuda, agzybir, bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşadýan, Türkmenistan döwletimiziň barha pajarlap ösmegi ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Allamyrat ATABAÝEW,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň
Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky
Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymy