BANK IŞINDE BLOKÇEÝN TEHNOLOGIÝASYNY ULANMAK
16.04.2026 ý.2026-njy ýylyň ýanwar aýynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tassyklamagy bilen kabul edilen “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 - 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” ýurdumyzyň bank ulgamynyň ösmeginde täze döwrüň başlangyjyny ýola goýdy. Bu Konsepsiýa laýyklykda ýurdumyzda maliýe tehnologiýalaryny ösdürmek, ýurdumyzyň bank ulgamyna döwrebap maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak ugrunda degişli işleri geçirmek göz öňünde tutulan. Şunuň bilen baglylykda, Konsepsiýadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň, “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça degişli teklipler kabul edildi.
Blokçeýn tehnologiýasy banklaryň özara baglanyşygyna bolan zerurlygyny aradan aýyrýar we halkara amallarynyň çalt amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýär.
Şol sebäpli hem blokçeýn tehnologiýasynyň bank amallarynda ulanylmagy halkara amallaryň çykdajylaryny däp bolan ulgamlara garanyňda 96% -e çenli azaltmaga mümkinçilik berýär. Olardan başga-da karz beriji banklaryň arasyndaky gatnaşyklary ýeňilleşdirýär we resminamalary tassyklamak üçin gerek bolan wagty azaldýar. Karz bermekde we söwda maliýeleşdirmesinde akylly şertnamalary düzmäge, müşderileriň şahsyýetini tassyklaýan maglumatlaryň birleşdirilen merkezleşdirilmedik reýestrlerini döretmäge, şahsyýetiň maglumatlarynyň galplygynyň öňüni almaga, aktiwleriň tökenleşdirilmegine (sanly formatda hasaba alynmagy) we iri maýa goýum banklarynda dolandyryşy bir standartda alyp barmaga mümkinçilik berýär.
Blokçeýn näme? Blokçeýn - bu maglumatlary hiç hili (bank ýa-da döwlet tarapyndan), merkezi dolandyryjysyz diňe matematiki hasaplamalaryň netijesinde kriptografiki gorag arkaly saklaýan we ýaýradýan usula aýdylýar.
Ony ýönekeý dilde şeýle düşündirip bolar: Blokçeýn - bu her bir şahsda nusgasy bolan we hiç kim tarapyndan üýtgedilip bilinmeýän sanly depderçedir.
Blokçeýn üç sany esasy elementden ybarat:
1. Blok (block) - bu maglumatlaryň toplumy (meselem, pul geçirmeleri barada).
2. Heş (hash) - bu her bloguň özboluşly "yzy". Ol blokdaky ähli maglumatlaryň matematiki netijesidir.
3. Zynjyr (chain) - bu her täze blok özünde öňki bloguň heşini saklaýar. Şeýlelikde, olar biri-birine matematiki baglylykda zynjyr ýaly birleşdirilip bir doly manyly maglumaty emele getirýärler.
Blokçeýniň özeninde kriptografiki heş funksiýasy ýatyp, ol Alan Tuýringiň kriptografiýa baradaky işleriniň dowamy hasaplanylýar. Onda maglumatlaryň toplumy (x) belli bir funksiýa (f(x)) bilen hasaplanylyp, onuň netijesi boýunça kriptografiki açar düzülýär. Şol sebäpli hem, eger Siz x maglumatynyň içinde bir nokady üýtgetseňiz, y = f(x) (netije) bütinleý üýtgär. Bu bolsa maglumatlaryň ogurlanmagynyň ýa-da üýtgedilmeginiň öňüni alýan esasy usuldyr.
Adatça onlaýn pul hasaplamalary gecirilende akylly şertnamalary we merkezleşdirilmedik programmalary (dApps) döretmek we işletmek üçin Ethereum tehnologiýasy ulanylýar. Bu tehnologiýada maglumatlaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen ulanylýan açyk “açaryň” alamatlaryny hasaplamakda y2 = x3 + ax +b;
(y2 = x3 +7) formula ulanylýar. Sanly walýuta hasaplanylýan bitkoýinden (iňlisçe – Bitcoin) tapawutlylykda, Ethereum global paýlanan kompýuter hökmünde işläp, çylşyrymly gatnaşyk şertlerini programmirlemäge mümkinçilik berýär.
Blokçeýinde bu formula diňe bir matematik deňleme däl-de, eýsem bütin ulgamyň "howpsuzlyk binýadydyr". Ýokarda mysal getirilen elliptik egrileriň kriptografiýada ulanylmagyny, onuň asimmetrik kriptografiýa "gulpuny” we “açaryny" döredýänligi bilen düşündirmek bolar.
Adaty kriptografiýada bir “gulp” üçin diňe bir “açar” ulanylýar (simmetriki şifrleme). Ýöne blokçeýinde hemmeleriň görüp biljek açyk “açary” (Public Key) we diňe Siziň bilmeli şahsy “açaryňyz” (Private Key) bolmaly.
Şahsy “açar” - bu matematiki formulanyň egri çyzygynyň üstünde dörän, tötänleýin bir san (x).
Açyk “açar” - bu şol sandan emele gelen koordinata nokady (y).
Bu egri çyzygyň iň möhüm hyzmaty - tranzaksiýalara “gol çekmekdir”, ýagny, Siz birine elektron pul ugratsaňyz, toruň beýleki agzalaryna "bu pul hakykatdan hem meniňki, ine subutnamasy" diýmegiňizi aňladýar.
Siziň şahsy maglumatlaryňyz bilen berkidilip iberilýän pul möçberinden hasaplanylan kriptografiki açar – maglumat howpsuzlygynda iň ygtybarly usullaryň biri hasaplanylýar.
Goý “A” müşderi bilen “B” müşderiniň arasynda pul geçirmek amalyny (tranzaksiýa amalyny) ýerine ýetirmek gerek bolsun. Bu amallarda blokçeýn tehnologiýasynyň ornuny şu aşakdaky suratda has aýdyň düşündirmek bolar (gyzyl harplar bilen blokçeýn tehnologiýasynyň ýerine ýetirýän amallary düşündirilýär).
Surat 1. Blokçeýn tehnologiýasyny ulanmak arkaly “A” müşderi bilen “B” müşderiniň arasynda tranzaksiýa amalynyň ýerine ýetirilişi.
Suratdan görnüşi ýaly, blokçeýn tehnologiýasynda ýerine ýetirilýän her bir amaly maglumatlaryň howpsuzlygyny barlamak arkaly ýerine ýetirilýär.
Bu bolsa tranzaksiýanyň dowamynda maglumatlaryň howpsuzlygyna hakerler tarapyndan zeper ýetirmegini düýpli aradan aýryp, pul serişdesiniň müşderä ýetirilmegini üpjün edýär.
Ýokarda getirilen mysallardan görnüşi ýaly, blokçeýniň tehnologiýasynyň bank amallarynda maglumat howpsuzlygyny ýokarlandyrmakda ýerine ýetirýän işleriniň esasynda degişli matematiki hasaplamalar ýatyr. Olara mysal hökmünde, ýene-de, “A” müşderi bilen “B” müşderiniň arasynda amala aşyrylýan tranzaksiýa seredeliň. Onlaýn pul geçirme işlerine (tranzaksiýa) mahsus bolan netijeliligi, howpsuzlygy we hüjüme garşylygy döretmek üçin sanly gol çekiş algoritminde (ECDSA - Elliptic Curve Digital Signature Algorithm – sanly gollary döretmek we barlamak algoritmi) ýokarda agzalyp geçilen y2 = x3 + ax +b elliptik egrisi (oňa başgaça secp256k1 egrisi hem diýilýär) ulanýar. NIST (National Institute of Standards and Technology - Milli Standartlar we Tehnologiýa Instituty (ABŞ)) standart egrilerinden tapawutlylykda, secp256k1 egrisi gizlin gowşaklyklary aradan aýryp, has çalt hasaplamaga mümkinçilik berýär we merkezleşdirilmedik ulgam üçin möhüm bolan ýokary kriptografik goragy üpjün edýär.
Blokçeýn tehnologiýasynda, esasan, secp256k1egrisiniň saýlanylmagynyň esasy sebäpleri hökmünde şu aşakdakylary görkezmek bolar:
Howpsuzlyk we açyklyk: NIST egrilerinde (meselem, P-256) açyk alamatlar saýlanyp ulanylýanlygy sebäpli, olaryň gizlinliginde şübhelik döräp başlady, oňa garamazdan secp256k1-iň alamatlary bolsa müşderä degişli üýtgedip bolmajak alamatlary saýlamaga mümkinçilik döretdi.
Öndürijilik: Bu egri 128 bit-lik simmetrik açar bilen deňeşdirip boljak howpsuzlyk derejesini saklap, ulgamyň hasaplamalary üçin möhüm bolan örän çalt gol çekiş hasaplamasyny üpjün edýär.
Netijelilik: Kriptowalýutalarda ulanylýan köp beýleki egrilerden has çalt hasaplamalary üpjün edýär.
Bu saýlaw bank amallarynda ygtybarly ulgam howpsuzlygyny we geleşikleriň hakykylygyny üpjün edýär. Şol sebäpli hem y2 = x3 + ax +b egrini (matematiki dilde - elliptiki egrileriň kanonik görnüşi diýilýär) a we b koeffisiýentleriniň belli bir bahasynda (a = 0, b = 7) blokçeýn tehnologiýasynyň howpsuzlygy üpjün etmek üçin iň amatly aňlatma hökmünde alnan.
Programma düzülende blokçeýniň özeni hökmünde SHA-256 (Secure Hash Algorithm) algoritm ulanylýar. Matematiki taýdan bu şeýle aňladylýar: y = H(x);
Bu ýerde: x - islendik ululykdaky maglumat (tekst, faýl, tranzaksiýa).
H - hash funksiýasy. y - 256-bitli (64 simwol) hemişelik uzynlykdaky çykyş.
Bu deňligiň esasy häsiýeti hökmünde x bilen y-iň berk baglylykda bolmagydyr, ýagny x-iň bir bahasy üýtgese, y netijesi bütinleý üýtgeýär.
Bankara amallarynda blokçeýn tehnologiýasynyň ulanylmagy, ýeke-täk hasaba alyş nokadynyň ýoklugy sebäpli bank ulgamyň kiberhüjümlere we tehniki näsazlyklara garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Olaryň kömegi bilen ofis prosesleriniň awtomatlaşdyrylmagy netijesinde daşary ýurt banklary her ýylda dünýa ýüzünde milýardlarça dollar çykdaýjylaryny tygşytlaýarlar.
Şu wagta çenli blokçeýn, esasan, kriptowalýutalar üçin ulanylan bolsada, (resmi dokumentleriň dolanşygy) indi blokçeýn, edaralara has netijeli hyzmatdaşlyk etmäge, amal töwekgelçiliklerini azaltmaga we müşderilere merkezi bank sanly walýutalaryndan (CBDC - Central Bank Digital Currency) doly awtomatlaşdyrylan maliýe gurallaryna çenli täze hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik berýän tehnologiýa öwrüldi.
Netijede, häzirki döwürde, blokçeýn tehnologiýasy banklarda halkara geçirimleri çaltlaşdyrmaga (Ripple, Santander, Westpac), akylly şertnamalar arkaly amallary awtomatlaşdyrmaga (Quorum by JPMorgan, Voltron, Batavia), gymmatly kagyzlar amallaryny çalt hasaplamaga (Deutsche Bank), aktiwleri tökenleşdirmäge we bank müşderileriň ýeke-täk maglumat ulgamyna birikdirilmegi netijesinde (Know Your Сlient (KYC) - öz müşderiňi tanap işleşmek) amallarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga uly ýardam berýär.
Şeýlelik bilen, blokçeýn banklara halkara tölegleri çalt amala aşyrmagy (birnäçe minuta çenli), araçylary aradan aýyrmak arkaly amallaryň çykdajylaryny azaltmagy we hasap kitabynyň üýtgewsizligi sebäpli maglumatlaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmagy üpjün edýär. Bu tehnologiýa akylly şertnamalar arkaly prosesleri awtomatlaşdyrmaga, geleşikleriň aýdyňlygyny ýokarlandyrmaga we müşderiniň şahsyýetini tassyklamagy ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow
adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň
mugallymy Şallyýew Tirkeş Gurbanowiç