“Baky Ýoluň” “Bitaraplygy” muzeýine gezelenç.
31.12.2025 y.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýar. 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 25-ne Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň Zenanlar guramasynyň gurnamagynda “Baky Ýoluň” “Bitaraplygy” muzeýine gezelenç guraldy. Ol Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň taryhyny we ähmiýetini görkezýär. “Baky Ýoluň” “Bitaraplygy” ady bilen atlandyrylýan bu muzeýler, ýurduň parahatçylykly ösüşini, halkara gatnaşyklaryny we milli gymmatlyklary jemleýär. Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli türkmen halkyny, Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, türkmen Bitaraplygy halkara giňişlikde dünýä nusgalyk syýasatyň rowaçlanmagyna itergi berip, Ýer ýüzünde parahat, asuda durmuşy berkarar etmegiň binýadyna öwrülsin!