
Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli mekdebimiziň I ,II we III ýyl talyplarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik.
15.10.2025 y.Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Bank mekdebiniň sport toplumynda I, II we III ýyl talyplarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça 2025-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda bäsleşik geçirildi. Bu çäre, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, jemgyýeti saglyk we sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek maksady bilen guralýar.
Bäsleşige talyplardan düzülen oglanlar we gyzlar toparlary gatnaşýar. Sport bäsleşigiň dowamynda toparlara mekdebiň bedenterbiýe mugallymy G.B.Kakajaýew, mugallymlar H.K. Ödebaýew, B.S. Bäşimow we S.G. Babaýew eminlik etdiler.
I, II we III ýyl talyplarynyň arasynda bäsleşik indiki sport oýunlaryndan ybarat boldy: woleýbol, tanap çekmek, el güýji, şaşka, küşt, stol üstünde oýnalýan tenis, agyrlyk daş galdyrmak, kiçi futbol, oturgyçly oýun we kim çalasyn kim çakgan oýny.
Netijede, I, II we III ýyl talyplarynyň arasynda jemi utuk 21, 45 we 42 hasabynda tamamlanyp, II ýyl talyplary 45 hasap bilen ýeňiş gazandy. II orny III ýyl talyplary 42 hasap, III orny bolsa I ýyl talyplary 21 hasap bilen eýelediler.
I we II orny eýelän talyplar “Watan” kinokonsert merkezinde sentýabr aýynyň 28-ne boljak parlak ýyldyzlaryň çykyşyna petekler bilen sylaglandy.
Biz sagdyn nesli kemala getirmegiň, ýaşlara göreldeli terbiýe bermegiň her bir maşgalanyň baş maksadyna öwrülmegi üçin gije-gündiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň belent başynyň aman bolmagyny, merdana halkymyzyň saglygynyň pugtalanmagy üçin badalga beren aýdyň ýollarynyň asyrlara uzamagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!