
“Ykdysady nazaryýet” dersi boýunça internet bäsleşigi
18.04.2025 y.Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" mynasybetli Türkmen döwlet maliýe institutynyň guramagynda, aprel aýynyň 11-ne ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bilim boýunça özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek maksady bilen orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda “Ykdysadynazaryýet” dersi boýunça internet bäsleşigi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlaryny has-da kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň çäklerinde talyp ýaşlary kämil hünärmenler edip ýetişdirmek, olaryň nazary bilimlerini artdyrmak, amaly ukyp-başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen, Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Yöriteleşdirilen bank mekdebiniň, Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda « Ykdysady nazaryýet » dersi boýunça internet internet bäsleşikde mekdebimiziň 1-2-nji ýyl talyplary: Toýçiýewa Aýlar, Dörtgulyýewa Arzygül, Annaýewa Bägül, Garajaýewa Ogulşat, Hojamuhammedowa Aýbölek, Hojaýewa Aýlar, Öwezgeldiýewa Mährijemal, Öwezgeldiýewa Aýjahan, Söýünowa Aýlar we Meredowa Aýjemal gatnaşdylar. Toplan ballary boýunça talyplarymyzdan 1-nji baýrakly orny Toýçiýewa Aýlar, 2-nji orny Annaýewa Bägül, Garajaýewa Ogulşat we Hojamuhammedowa Aýbölek, 3-nji orny Dörtgulyýewa Arzygül, Hojaýewa Aýlar we Öwezgeldiýewa Mährijemal eýelediler.