
"1-nji sentýabr – bilimler we talyp ýaşlar güni"
03.09.2024 г.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça uly ösüşler, guwandyryjy we buýsandyryjy üstünlikler gazanylýar, il-ýurt, umumadamzat bähbitli giň gerimli özgertmeler depginli amala aşyrylýar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylymyz eziz ata Watanymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda agzybir we merdana halkymyz üçin taryhy ähmiýetli buýsançly hem-de guwançly wakalar bilen beslenýär.
Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebinde 1–nji sentýabrda ir sagat 07:00-da “1–nji sentýabr - bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli baýramçylyk çäre geçirildi. Onda Hormatly Prezidentimiziň adyndan talyp ýaşlara, mugallymlara we bilim işgärlerine iberilen gutlag haty okaldy. Şeýle hem Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymlarynyň adyndan 1-nji ýyl talyplara gutlag sözleri aýdyldy, olara okuwda üstünlikler arzuw edildi. Soňra okuwa täze giren talyplara “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” sapagy geçirildi.