
“Mekdebimiziň sport mugallymynyň gazanan üstünligi”
09.12.2024 г.Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Arkadagly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ykdysady, syýasy, jemgyýetçilik durmuşyň hemme tarapyny öz içine alýan ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şonuň bilen birlikde halkymyzyň sagdyn we ruhubelent bolmagy üçin hem yzygiderli edilýän aladalar, çäreler alnyp barylýar. Sport ulgamynda alnyp barylýan yzygiderli işleriň netijesinde türkmenistanly türgenler ýurdumyzda we dünýä derejesinde geçirilýän halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýeläp, ýurdumyzyň abraýyny has-da belende galdyrýarlar. Munyň subutnamasy bolup, Ýeňil Atletika boýunça Türkmenistanyň kubogy, Ýadro itekleme (15.10sm) boýunça we 2024-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Pauerlifting sport görnüşi boýunça Türkmenistanyň Çempionaty geçirildi. Bu çempionatda mekdebimiziň tälimçi-mugallymy Kakajaýew Gurbannazar (+120 kl agramda) çykyş edip I-nji orna mynasyp boldy.
Bank mekdebiniň agzybir kollektiwiniň adyndan kärdeşimizi bu üstünlik bilen gyzgyn gutlaýarys!