
2024-2025-nji okuw ýylda uçurym boljak talyplaryň "Daýhanbank" DTB-niň wekilleri bilen duşuşygy
23.04.2025 ý. Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Yöriteleşdirilen bank mekdebinde 2025-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň "Daýhanbank” Döwlet täjirçilik bankynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Yöriteleşdirilen bank mekdebini üstünlikli tamamlaýan ýaş hünärmenleri saýlap-seçip almak arkaly işe kabul etmek maksady bilen, 2025-nji ýylda uçurym bolmaly talyplaryň arasynda umumy hünär we ýörite hünär dersler boýunça ýazmaça görnüşinde barlag işi geçirildi.
Geçirilen barlag işi örän gowy bahalandyrylan talyplar "Daýhanbank" DTB-niň ýolbaşçylygy bilen söhbetdeşlige çagyryldy.