
«TALYP GÖZELI – 2025» BÄSLEŞIGI
12.03.2025 ý.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp gyzlary ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemek, olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek hem-de ösdürmek, talyp gyzlaryň çeperçilik ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de Halkara zenanlar güni mynasybetli Arkadag we Aşgabat şäherleriniň hem-de Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Milliligim buýsanjym, başlara göwher täjim» şygary bilen “Talyp gözeli 2025” atly edebi-döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige mekdebimiziň 2-nji ýyl talyby Täjiýewa Jemal gatnayp, II orna mynasyp boldy.
Türkmen zenanlarynyň mertebesini belende göterýän il-günüň Arkadagy, ýaşlaryň howandary Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!