
«TARYH ŞU ÝERDEN BAŞLANÝAR» ATLY ESSE ÝAZMAK BÄSLEŞIGI.
12.03.2025 ý.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda türkmen ýaşlaryny ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgesi esasynda milli ruhda terbiýelemek olarda watansöýüjilik, agzybirlik, ata Watanymyza merdana halkymyza bolan buýsançlaryny ösdürmek, hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyza, edebi we taryhy şahsyýetlerimize, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza goýýan sarpasyny ýaýbaňlandyrmak, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň many-mazmunyny açyp görkezmek, ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek hem-de talyp ýaşlaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan «Taryh şu ýerden başlanýar» atly esse ýazmak bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyplary gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelediler. Mekdebimiziň 2-nji ýyl talyby Mämmetnazarowa Gülzar bäsleşige işjeň gatnaşyp, “Baş baýraga” mynasyp boldy. Bäsleşikde 2-nji ýyl talybymyz Täjiýewa Jemal III orny eýeläp, gymmat bahaly sowgat bilen sylaglandy. Talyplarymyzy gutlamak bilen okuwlarynda üstünlikler arzuw edýäris!
Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň okap-bilim almaklary, öz hünäriniň eýesi bolup ýetişmekleri üçin şeýle ajaýyp şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri rowaç alsyn!