TALYBYMYZYŇ SPORT ÝEŇŞI: XV SPARTAKIADADA III ORUN
09.05.2026 ý.Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sporty ösdürmek we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça amala aşyrylýan beýik işler özüniň oňyn miwelerini berýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde, aprel aýynyň 26-na geçirilen «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XV Ählumumy milli spartakiadasy uly dabaralara beslendi. Bu abraýly sport baýramçylygynyň çäklerinde geçirilen tigir sürmek (welosiped sporty) boýunça ýaryşlar aýratyn çekeleşikli we gyzykly häsiýetde geçdi.
Ýurdumyzyň orta hünär mekdepleriň arasynda geçirilen bu bäsleşikde biziň mekdebimiziň talyplary Halbaýew Kerwen we Seýtiýewa Jeren hem gatnaşyp, özleriniň sport ussatlygyny görkezdiler. “Bank amallarynyň tehnologiýasy” hünärinde okaýan, mekdebimiziň I ýyl talyby Halbayew Kerwen, ýaryşyň dowamynda uly erjellik we dözümlilik görkezip, pellehana öňdäkileriň hatarynda gelmegi başaryp, III orna mynasyp boldy we okuw mekdebimiziň sport abraýyny has-da belende göterdi.
Biz gazanan ajaýyp üstünligi bilen Halbaýew Kerweni tüýs ýürekden gutlaýarys! Talybymyza okuwda we sportuň belent sepgitlerini eýelemekde mundan beýläk-de rowaçlyklar arzuw edýäris.