
"XIV-nji Spartakiadanyň düzzüm oýny boýunça ýaryşy"
04.12.2024 ý.Berkarar döwletiň täze eýýamyň galkynyşy döwründe sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda bedenterbiýe, sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Ýurdumyzda sport ulgamyny ösdürmek we kämillerşdirmek, onuň mümkinçiliklerini giňeltmek, täsirli sport çärelerini yzygiderli geçirmek, ýurdumyzyň orta mekdeplerinde, orta hünär okuw mekdeplerinde we ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan sporta höwesli ýaş nesillerimiziň arasynda sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ine şol ýaryşlaryň biri bolan "Türkmenistan ruhubelentligiň sagdynlygyň ýurdy" atly XIV-nji Spartakiadanyň düzzüm oýny (oglan-gyzlar) boýunça ýaryşy 2024-nji ýylyň 25-27-nji noýabr aralygynda Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde geçirildi. Ýaryş ilki orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirildi we örän çekeleşikli, gyzykly boldy. Gyzlaryň arasyndaky düzzüm oýny boýunça ýaryşynyň netijesinde 1-nji orna Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi, 2-nji orna Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, biziň talyp gyzlarymyz 3-nji orna eýe boldylar. Soňra ýaryş oglanlaryň arasynda geçirildi. Oglanlaryň arasyndaky düzzüm oýny boýunça ýaryşynyň netijesinde 1-nji orna biziň talyp oglanlarymyz, 2-nji orna Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi, 3-nji orna bolsa Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi eýe boldylar. Talyplarymyzyň öňdäki orunlary eýelemekleri mekdebimizde bilimiň ähli ugurlary bilen bir hatarda bedenterbiýe we sportyň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlara hem uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Geçirilen ýaryşda ýer alan talyplarymyz: Kurbanow Daýanç, Hojamgulyýew Farhat, Çaryýewa Nurjahan we Ozzyýewa Aýjan.
Bank mekdebiniň agzybir kollektiwiniň adyndan ýaryşa gatnaşan talyplarymyzy, şeýle-de ähli gatnaşyjylary bu üstünlik bilen gyzgyn gutlaýarys!