
«Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr» atly sport bäsleşigi
09.12.2024 ý.Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaş nesillerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy döwrüň möhüm talabydyr. Sport sagdynlygyň, gözelligiň çeşmesidir» diýen parasatly sözlerinden, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň talyp ýaşlar barada edýän bimöçber aladalaryndan we berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygyna bagyşlanyp Arkadag we Aşgabat şäherleriniň hem-de Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda «Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr» atly sport bäsleşigi 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 6-na geçirildi. Biziň mekdebimizden Kurbanow Daýanç bilen Çaryýewa Nurjahan “Düzzüm” oýny boýunça gatnaşyp, bu sport bäsleşiginde 1-nji orna mynasyp boldylar. Bäsleşige gatnaşan talyplarymyz: Mämmedow Nuraly, Hojamgulyýew Farhat, Orazowa Ogulbäbek we Rejepowa Altyn.
Biziň mekdebimiziň abraýyny has-da belende galdyryp, bäsleşiklerde ýer alan we gatnaşan talyplarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys!