 
                Sport ýaryşynda ýene bir ýeňiş
12.02.2025 ý.       Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Arkadagly Prezidentimiz  Serdar  Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda sportuň ösüşi täze derejä çykdy. Türkmen  türgenleri  iri halkara ýaryşlara işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Munuň  özi  Türkmenistanyň dünýäniň sport giňişligindäki ornuny has-da pugtalandyrmaga ýardam edýär. Bulara  subutnama hökmünde, sportuň YEŇIL ATLETIKA görnüşi boýunça oglan - gyzlaryň arasynda geçirilen Aşgabat şäheriniň gyşky çempionatynda mekdebimiziň tälimçi-mugallymy Kakajaýew Gurbannazaryň daş iteklemek boýunça 15,52 m  netije görkezip, baýrakly I orna eýe bolmagy we ýeňiş gazanmagydyr.
     Bank mekdebiniň agzybir kollektiwiniň adyndan kärdeşimizi gutlamak bilen indiden beýläk onuň sport karýerasynda üstünlik we uly ýeňişleri arzuw edýäris!
