
“Ýaş tälimçilere görelde”
19.02.2025 ý.2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzda ýokary derejeli sport we köpçülikleýin-bedenterbiýe hereketiniň ösmeginiň dowam etmegi, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek üçin giňişleýin çäreleriň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň üns merkezinde saklanýar. Soňky ýyllarda türkmen sportynyň dünýä arenasyndaky abraýy barha artýar. Döwlet edaralarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň we orta hünär okuw mekdepleriň arasynda-da dürli sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär.
Mekdebimiziň tälimçi-mugallymy Kakajaýew Gurbannazar 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda, ýanwar aýynyň 30-na geçirilen Ýeňil Atletika boýunça Türkmenistanyň gyşky çempionatyna gatnaşmak bilen, daş iteklemek boýunça 15,38 m netije görkezip, baýrakly I orna eýe boldy we ýeňiş gazandy.
Bank mekdebiniň agzybir kollektiwiniň adyndan kärdeşimizi gutlamak bilen indiden beýläk onuň sport karýerasynda üstünlik we uly ýeňişleri arzuw edýäris!