Articles

BANK IŞINDE BLOKÇEÝN TEHNOLOGIÝASYNY ULANMAK

2026-njy ýylyň ýanwar aýynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tassyklamagy bilen kabul edilen “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 - 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” ýurdu­my­zyň bank ulgamynyň ösmeginde täze döwrüň başlangyjyny ýola goýdy. Bu Konsepsiýa laýyklykda ýurdumyzda maliýe tehnologiýalaryny ösdürmek, ýurdumyzyň bank ulgamyna döwrebap maglu­mat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak ugrunda degişli işleri geçirmek göz öňünde tutulan. Şunuň bilen baglylykda, Konsepsiýadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky­nyň, “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça degişli teklipler kabul edildi.

Blokçeýn tehnologiýasy banklaryň özara baglanyşygyna bolan zerurlygyny aradan aýyrýar we halkara amallarynyň çalt amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýär.

Şol sebäpli hem blokçeýn tehnologiýasynyň bank amallarynda ulanyl­magy halkara amallaryň çykdajylaryny däp bolan ulgamlara garanyňda 96% -e çenli  azaltmaga mümkinçilik berýär. Olardan başga-da karz beriji banklaryň arasyndaky gatnaşyklary ýeňilleşdirýär we resminamalary tassyklamak üçin gerek bolan wagty azaldýar. Karz bermekde we söwda maliýeleşdirmesinde akylly şertnamalary düz­mä­ge, müşderileriň şahsyýetini tassyklaýan maglumatlaryň birleş­dirilen merkezleş­di­ril­medik reýestrlerini döretmäge, şahsyýetiň maglumatlarynyň galplygynyň öňüni almaga, aktiwleriň tökenleşdirilmegine (sanly formatda hasaba alynmagy) we iri maýa goýum banklarynda dolandyryşy bir standartda alyp barmaga mümkinçilik berýär.

Blokçeýn näme? Blokçeýn - bu maglumatlary hiç hili (bank ýa-da döwlet tarapyndan), merkezi dolandyryjysyz diňe matematiki hasap­la­ma­laryň netijesinde kriptografiki gorag arkaly saklaýan we ýaýradýan usula aýdylýar.

Ony ýönekeý dilde şeýle düşündirip bolar: Blokçeýn - bu her bir şahsda nusgasy bolan we hiç kim tarapyndan üýtgedilip bilinmeýän sanly depderçedir.

Blokçeýn üç sany esasy elementden ybarat:

1.      Blok (block) - bu maglumatlaryň toplumy (meselem, pul geçirmeleri barada).

2.      Heş (hash) - bu her bloguň özboluşly "yzy". Ol blokdaky ähli maglumat­laryň matematiki netijesidir.

3.      Zynjyr (chain) - bu her täze blok özünde öňki bloguň heşini saklaýar. Şeýlelikde, olar biri-birine matematiki baglylykda zynjyr ýaly birleşdirilip bir doly manyly maglumaty emele getirýärler.

Blokçeýniň özeninde kriptografiki heş funksiýasy ýatyp, ol Alan Tuýringiň kriptografiýa baradaky işleriniň dowamy hasaplanylýar. Onda maglumatlaryň toplu­my (x) belli bir funksiýa (f(x)) bilen hasaplanylyp, onuň netijesi boýunça kriptogra­fiki açar düzülýär. Şol sebäpli hem, eger Siz x maglumatynyň içinde bir nokady üýtgetseňiz, y = f(x)  (netije) bütinleý üýtgär. Bu bolsa maglumatlaryň ogurlan­ma­gynyň ýa-da üýtgedilmeginiň öňüni alýan esasy usuldyr.

Adatça onlaýn pul hasaplamalary gecirilende akylly şertnamalary we merkez­leş­­dirilmedik programmalary (dApps) döretmek we işletmek üçin Ethereum tehno­lo­giýasy ulanylýar. Bu tehnologiýada maglumatlaryň howpsuzlygyny ýokar­lan­dyr­mak maksady bilen ulanylýan açyk “açaryň” alamatlaryny hasaplamakda  y2 = x3 + ax +b;

 (y2 = x3 +7) formula ulanylýar. Sanly walýuta hasaplanylýan bitkoýinden (iňlisçe – Bitcoin) tapawutlylykda, Ethereum global paýlanan kompýuter hökmünde işläp, çylşyrymly gatnaşyk şertlerini programmirlemäge mümkinçilik berýär.

Blokçeýinde bu formula diňe bir matematik deňleme däl-de, eýsem bütin ulgamyň "howpsuzlyk binýadydyr". Ýokarda mysal getirilen elliptik egrileriň kriptografiýada ulanylmagyny, onuň asimmetrik kriptografiýa "gulpuny” we “açaryny" döredýänligi bilen düşündirmek bolar.

Adaty kriptografiýada bir “gulp” üçin diňe bir “açar” ulanylýar (simmetriki şifrleme). Ýöne blokçeýinde hemmeleriň görüp biljek açyk “açary” (Public Key) we diňe Siziň bilmeli şahsy “açaryňyz” (Private Key) bolmaly.

Şahsy “açar” - bu matematiki formulanyň egri çyzygynyň üstünde dörän, tötänleýin bir san (x).

Açyk “açar” - bu şol sandan emele gelen koordinata nokady (y).

Bu egri çyzygyň iň möhüm hyzmaty - tranzaksiýalara “gol çekmekdir”, ýagny, Siz birine elektron pul ugratsaňyz, toruň beýleki agzalaryna "bu pul hakykatdan hem meniňki, ine subutnamasy" diýmegiňizi aňladýar.

Siziň şahsy maglumatlaryňyz bilen berkidilip iberilýän pul möçberinden hasaplanylan kripto­grafiki açar – maglumat howpsuzlygynda iň ygtybarly usullaryň biri hasaplanylýar.

Goý “A” müşderi bilen “B” müşderiniň arasynda pul geçirmek amalyny (tranzaksiýa amalyny) ýerine ýetirmek gerek bolsun. Bu amallarda blokçeýn tehnologiýasynyň ornuny şu aşakdaky suratda has aýdyň düşündirmek bolar (gyzyl harplar bilen blokçeýn tehnologiýasynyň ýerine ýetirýän amallary düşündirilýär).

Surat 1. Blokçeýn tehnologiýasyny ulanmak arkaly “A” müşderi bilen “B” müşderiniň arasynda tranzaksiýa amalynyň ýerine ýetirilişi.

Suratdan görnüşi ýaly, blokçeýn tehnologiýasynda ýerine ýetirilýän her bir amaly maglumatlaryň howpsuzlygyny barlamak arkaly ýerine ýetirilýär.

Bu bolsa tranzaksiýanyň dowamynda maglumatlaryň howpsuzlygyna hakerler tarapyn­dan zeper ýetirmegini düýpli aradan aýryp, pul serişdesiniň müşderä ýetirilmegini üpjün edýär.

Ýokarda getirilen mysallardan görnüşi ýaly, blokçeýniň tehnologiýasynyň bank amalla­rynda maglumat howpsuzlygyny ýokarlandyrmakda ýerine ýetir­ýän işleri­niň esasynda degişli matematiki hasaplamalar ýatyr.  Olara mysal hökmün­de, ýene-de, “A” müşderi bilen “B” müşderiniň arasynda amala aşyrylýan tranzak­siýa seredeliň. Onlaýn pul geçirme işlerine (tranzaksiýa) mahsus bolan netijeliligi, howpsuz­lygy we hüjüme garşylygy döretmek üçin sanly gol çekiş algoritminde (ECDSA - Elliptic Curve Digital Signature Algorithm – sanly gollary döretmek we barlamak algoritmi) ýokarda agzalyp geçilen y2 = x3 + ax +b elliptik egrisi (oňa başgaça secp256k1 egrisi hem diýilýär) ulanýar. NIST (National Institute of Standards and Technology - Milli Standartlar we Tehnologiýa Instituty (ABŞ)) standart egrile­rin­den tapawutlylykda, secp256k1 egrisi gizlin gowşaklyklary aradan aýryp, has çalt hasap­la­maga mümkinçilik berýär we merkezleşdirilmedik ulgam üçin möhüm bolan ýokary kriptografik goragy üpjün edýär.

Blokçeýn tehnologiýasynda, esasan, secp256k1egrisiniň saýlanylmagynyň esasy sebäpleri hökmünde şu aşakdakylary görkezmek bolar:

Howpsuzlyk we açyklyk: NIST egrilerinde (meselem, P-256) açyk alamatlar saýlanyp ulanylýanlygy sebäpli, olaryň gizlinliginde şübhelik döräp başlady, oňa garamazdan secp256k1-iň alamatlary bolsa müşderä degişli üýtgedip bolmajak alamatlary saýlamaga mümkinçilik döretdi.

Öndürijilik: Bu egri 128 bit-lik simmetrik açar bilen deňeşdirip boljak howp­suzlyk derejesini saklap, ulgamyň hasaplamalary üçin möhüm bolan örän çalt gol çekiş hasaplamasyny üpjün edýär.

Netijelilik: Kriptowalýutalarda ulanylýan köp beýleki egrilerden has çalt hasaplamalary üpjün edýär.

Bu saýlaw bank amallarynda ygtybarly ulgam howpsuzlygyny we geleşikleriň hakykylygyny üpjün edýär. Şol sebäpli hem y2 = x3 + ax +b egrini (matematiki dilde - elliptiki egrileriň kanonik görnüşi diýilýär) a we b koeffisiýentleriniň belli bir bahasynda (a = 0, b = 7) blokçeýn tehnologiýasynyň howpsuzlygy üpjün etmek üçin iň amatly aňlatma hökmünde alnan.

Programma düzülende blokçeýniň özeni hökmünde SHA-256 (Secure Hash Algorithm) algoritm ulanylýar. Mate­ma­ti­ki taýdan bu şeýle aňladylýar: y = H(x);

Bu ýerde: x - islendik ululykdaky maglumat (tekst, faýl, tranzaksiýa).

H - hash funksiýasy. y - 256-bitli (64 simwol) hemişelik uzynlykdaky çykyş.

Bu deňligiň esasy häsiýeti hökmünde x bilen y-iň berk baglylykda bolmagydyr, ýagny x-iň bir bahasy üýtgese, y netijesi bütinleý üýtgeýär.

Bankara amallarynda blokçeýn tehnologiýasynyň ulanylmagy, ýeke-täk hasaba alyş nokadynyň ýoklugy sebäpli bank ulgamyň kiberhüjümlere we tehniki näsazlyklara garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Olaryň kömegi bilen ofis prosesle­riniň awtomatlaşdyrylmagy netijesinde daşary ýurt banklary her ýylda dünýa ýüzünde milýardlarça dollar çykdaýjylaryny tygşytlaýarlar.

Şu wagta çenli blokçeýn, esasan, kriptowalýutalar üçin ulanylan bolsada, (resmi dokumentleriň dolanşygy)  indi blokçeýn, edaralara has netijeli hyzmatdaşlyk etmäge, amal töwekgelçiliklerini azalt­maga we müşderilere merkezi bank sanly walýutalaryndan (CBDC - Central Bank Digital Currency) doly awtomat­laşdyrylan maliýe gurallaryna çenli täze hyzmat­laryny hödürlemäge mümkinçilik berýän tehnologiýa öwrüldi.

Netijede, häzirki döwürde, blokçeýn tehnologiýasy banklarda halkara geçirimleri çaltlaşdyrmaga (Ripple, Santander, Westpac), akylly şertnamalar arkaly amallary awtomatlaş­dyrmaga (Quorum by JPMorgan, Voltron, Batavia), gymmatly kagyzlar amallaryny çalt hasaplamaga (Deutsche Bank), aktiwleri tökenleşdirmäge we bank müşderileriň ýeke-täk maglumat ulgamyna birikdiril­megi netijesinde (Know Your Сlient (KYC) - öz müşderiňi tanap işleşmek) amal­larynyň howpsuz­lygyny ýokarlandyrmaga uly ýardam berýär.

Şeýlelik bilen, blokçeýn banklara halkara tölegleri çalt amala aşyrmagy (birnäçe minuta çenli), araçylary aradan aýyrmak arkaly amallaryň çykdajylaryny azaltmagy we hasap kitabynyň üýtgewsizligi sebäpli maglumatlaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmagy üpjün edýär. Bu tehnologiýa akylly şertnamalar arkaly prosesleri awtomatlaşdyrmaga, geleşikleriň aýdyňlygyny ýokarlandyrmaga we müşderiniň şahsyýetini tassyklamagy ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berýär.

 

Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow

 adyndaky Ýöriteleşdirilen  bank mekdebiniň

mugallymy Şallyýew Tirkeş Gurbanowiç

16.04.2026

MAÝA GOÝUM SYÝASATYNYŇ DURNUKLY YKDYSADY ÖSÜŞE TÄSIRI (1)

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryna maýa goýum serişdeleri goýulýar. Maýa goýumlary ýurduň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, doly we netijeli peýdalanmaga, häzirki zaman iň kämil innowasion tehnologiýalary önümçilige işjeň ornaşdyrmaga we senagat önümçiligini mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilýär. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmekde maýa goýum syýasatynyň, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň ähmiýeti uludyr.

         Döwletiň durmuşa geçirýän maýa goýum syýasaty - maýa goýum işini işjeňleşdirmek, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak arkaly ykdysady ösüşi gazanmak we ilatyň durmuş meselelerini oňyn çözmek maksady bilen amala aşyrylýan hojalyk işleriniň toplumydyr. Ýurdumyzda uly möçberli maýa goýum işlerini amala aşyrmak üçin ähli ykdysady amatlyklar: ýeňillikli karz, salgyt, gümrük tölegleri babatda halkara talaplaryna laýyk gelýän berk kanunçylyk binýady döredildi. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ýurt maýa goýujylary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar, ýurdumyzyň çäginde daşary ýurt maýa goýumlary bolan maýa goýum taslamasynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhananyň bellige alnan gününden başlap bellenen hukuk goragyna, kepillendirmelerine we ýeňilliklerine eýe bolýarlar. Şeýle amatlyklaryň döredilmegi diňe bir öz maýadarlarymyzda däl-de, eýsem, daşary ýurt maýadarlarynda hem uly gyzyklanma döredýär.

        Häzirki wagtda ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde, täze innowasion usullary ähli pudaklara giňden ornaşdyrmakda, kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Kiçi we orta telekeçiligiň maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge yzygiderli goldaw bermek ýurdumyz tarapyndan amala aşyrylýan maýa goýum syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

        Milli ykdysadyýeti ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öz beýanyny tapýar. Prezident Maksatnamasy esasynda 2022-2028-nji ýyllarda milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge 278,9 mlrd. manatdan gowrak maýa goýum serişdelerini gönükdirmek we özleşdirmek meýilleşdirilýär. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek üçin 2022-nji ýylda 36,2 mlrd. manada golaý maýa goýum serişdeleri özleşdirildi we bu görkeziji 2023-nji ýylda 7,5 göterim artdy.        

        «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we Maýa goýum maksatnamasyna» laýyklykda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 38,5 mlrd. manat möçberinde düýpli maýa goýumlara gönükdirmek meýilleşdirildi. Bu maýa goýum serişdeleriniň 67,8 göterimini, ýagny 26,1 mlrd. manatdan gowragyny önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirmek meýilleşdirildi. Durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna 32,2 göterim, ýagny 12,4 mlrd. manatdan gowrak möçberde maýa goýumlary gönükdirmek bellenildi. Ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe we bank toplumy boýunça jemi 33,3 mln. manat möçberde düýpli maýa goýum serişdeleriň özleşdirilmegine garaşylýar.    

       Ýurdumyzda nebitgaz we nebit-himiýa toplumyny, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny, ulag-aragatnaşyk pudagyny, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmäge niýetlenen, daşary ýurt maýalarynyň akymyny güýçlendirmek hem-de amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek barada netijeli işler alnyp barylýar.

        Daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we olaryň möçberini artdyrmak babatynda alnyp barylýan işlerde ýurdumyzyň bank ulgamy mynasyp orny eýeleýär. Maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde we ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maliýe serişdeleriniň çekilmeginde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan ähmiýetli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de Abu Dabi Ösüş gaznasynyň bilelikde döreden «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hereket edýär. Bu kompaniýanyň esaslyk maýasynyň 50 göterimi Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň maliýe serişdeleridir. Bu amala aşyrylýan işler daşary ýurt maýadarlarynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetine maýa goýmakda uly gyzyklanma bildirýändiklerini görkezýär.

         Daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde ýurdumyz birnäçe abraýly halkara maliýe guramalar bilen hem oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklap gelýär. Soňky ýyllarda Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky ýaly halkara maliýe guramalar bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary täze bir öwüşgüne eýe bolup, ýyl-ýyldan has-da işjeňleşdirilýär hem-de çuňlaşdyrylýar. «Fitch Ratings» halkara reýting agentligi biziň ýurdumyza «B+ oňyn» reýtingi berdi. Şeýle reýtingiň alynmagy ykdysadyýetimiziň durnukly ýokary depgin bilen ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

         Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösdürilmegine, ykdysady mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna hem-de raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk hem ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Mähriban halkyny asuda, agzybir, bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşadýan, Türkmenistan döwletimiziň barha pajarlap ösmegi ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Allamyrat ATABAÝEW,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň

Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky

Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymy

27.03.2025

MAÝA GOÝUMLARYŇ DURNUKLY YKDYSADY ÖSÜŞE TÄSIRI(2)

Berkarar döwletiň taze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryna maýa goýum serişdeleri iri möçberde we işjeň goýulýar. Maýa goýumlary ýurduň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, doly we netijeli peýdalanmaga, häzirki zaman iň kämil innowasion tehnologiýalary önümçilige işjeň ornaşdyrmaga we senagat önümçiligini mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilýär. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmekde maýa goýum syýasatynyň, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň ähmiýeti uludyr.

          Döwletiň durmuşa geçirýän maýa goýum syýasaty ýurdumyzda maýa goýum işini has-da işjeňleşdirmek, önümçiligiň ahyrky ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak arkaly durnukly ykdysady ösüşi gazanmak, ilatyň zähmet üpjünçiligini ýokarlandyrmak, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş hajatlaryny has doly kanagatlandyrmak hem abadançylyk hal-ýagdaýyny yzygiderli pugtalandyrmak, ykdy-sady pudaklaryň işini ýokary depginde ösdürmek maksady bilen maýalyk serişdeleriň toplanylmagyna, işjeň çekilmegine, ileri tutulýan pudaklaryň we strategik ähmiýetli taslamalaryň arasynda paýlanylmagyna we özleşdirilmegine ýardam bermek bilen baglylykda amala aşyrylýan toplumlaýyn hojalyk işleriniň baş ugurlaryny öz içine alýar.

     Ýurdumyzda uly möçberli maýa goýum işlerini amala aşyrmak üçin ähli ykdysady amatlyklar: ýeňillikli karz, salgyt, gümrük tölegleri babatda halkara talaplaryna laýyk gelýän berk kanunçylyk binýady döredildi. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ýurt maýa goýujylary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar, ýurdumyzyň çäginde daşary ýurt maýa goýumlary bolan maýa goýum taslamasynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhananyň bellige alnan gününden başlap bellenen hukuk goragyna, kepillendirmelerine we ýeňilliklerine eýe bolýarlar.

        Şeýle amatlyklaryň döredilmegi diñe bir öz maýadarlarymyzda däl-de, eýsem, daşary ýurt maýadarlarynda hem uly gyzyklanma döredýär.

         Häzirki wagtda ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde, täze innowasion usullary ähli pudaklara giňden ornaşdyrmakda, kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Kiçi we orta telekeçiligiň maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge yzygiderli goldaw bermek ýurdumyz tarapyndan amala aşyrylýan maýa goýum syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

           Milli ykdysadyýeti ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öz beýanyny tapýar. Prezident Maksatnamasy esasynda 2022-2028-nji ýyllarda milli ykdysadyýeti ösdürmäge 278,9 mlrd. manatdan gowrak maýa goýum serişdelerini gönükdirmek we özleşdirmek meýilleşdirilýär. Milli ykdysadyýeti ösdürmek üçin 2022-nji ýylda 36,2 mlrd. manada golaý maýa goýum serişdeleri özleşdirildi we bu görkeziji 2023-nji ýylda 7,5 göterim artdy.

     Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we Maýa goýum maksatnamasyna» laýyklykda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 38,5 mlrd. manat möçbe-rinde serişdeleri düýpli maýa goýumlara gönükdirmek meýilleşdirildi. Bu maýa goýum serişdeleriniň 67,8 göterimini, ýagny 26,1 mlrd. manatdan gowragyny önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirmek meýilleşdirildi. Durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna 32,2 göterim, ýagny 12,4 mlrd. manatdan gowrak möçberde maýa goýumlary gönükdirmek bellenildi. Yurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe we bank toplumy boýunça jemi 33,3 mln. manat möçberinde düýpli maýa goýum serişdeleriniň özleşdirilmegine garaşylýar.

        Ýurdumyzda nebitgaz we nebit-himiýa toplumyny, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny, ulag-aragatnaşyk pudagyny, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmäge niýetlenen, daşary ýurt maýalarynyň akymyny güýçlendirmek hem-de amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek barada netijeli işler alnyp barylýar.

          Milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ýokary depginde ösdürmekde, döwletimiziň barha globallaşýan bütindünýä gatnaşyklary ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyny üpjün etmegiň çäklerinde milli ulag-logistika hem-de ulag-üstaşyr geçelgelerini kemala getirmekde iri daşary ýurt maýa goýumlaryna uly ähmiýet berilýär. Olaryň netijeli çekilmegini, ýerleşdirilmegini we özleşdirilmegini üpjün etmek maksady bilen milli halkara hukuk ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. 
2008-nji ýylda «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanun daşary ýurt maýa goýujylarynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň Türkmenistanyň çägindäki işiniň hukuk esaslaryny kesgitleýär we Türkmenistanda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge hem-de netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir.

       Hususan-da, Kanunyň 3-nji maddasynda: «Daşary ýurt maýa goýumlary şu aşakdaky görnüşlerde amala aşyrylýar:

1) Türkmenistanyň edara görnüşindäki we şahsy taraplary bilen bilelikde kärhanalara paýly gatnaşmak;

2) daşary ýurt maýa goýujylaryna doly degişli kärhanalary, daşary ýurt edara görnüşindäki taraplaryň şahamçalaryny döretmek ýa-da hereket edýän kärhanalary eýeçilige almak;

3) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen raýat dolanyşygynda çäklendirilenden başga gozgalýan we gozgalmaýan emlägi edinmek;

4) daşary ýurt karzlaryny we ssudalary bermek;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen emläk we emläk däl hukuklary edinmek» diýip bellenendir.

       Daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we olaryň möçberini artdyrmak babatynda alnyp barylýan işlerde ýurdumyzyň bank ulgamy mynasyp orny eýeleýär. Maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde we ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maliýe serişdeleriniň çekilmeginde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan ähmiýetli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de Abu Dabi Ösüş gaznasynyň bilelikde döreden «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hereket edýär. Bu kompaniýanyň esaslyk maýasynyň 50 göterimi Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň maliýe serişdeleridir. Bu amala aşyrylýan işler daşary ýurt maýadarlarynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetine maýa goýmakda uly gyzyklanma bildirýändiklerini görkezýär.

         Daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde ýurdumyz birnäçe abraýly halkara maliýe guramalary bilen hem oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklap gelýär. Soňky ýyllarda Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky ýa-ly halkara maliýe guramalary bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary täze bir öwüşgine eýe bolup, ýyl-ýyldan has-da işjeňleşdirilýär hem-de çuňlaşdyrylýar.
“Fitch Ratings halkara reýting agentligi tarapyndan biziň ýurdumyza «BB» reýtingi berildi. Şeýle reýtingiň alynmagy milli ykdysadyýetiň ýokary depgin bilen durnukly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

    Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösdürilmegine, ykdysady mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk hem ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Maýa goýum işi bilen bagly gatnaşyklary hukuk taýdan düzgünleşdirmek, pudaklara we taslamalara gönükdirilýän maýalyk serişdeleriň ygtybarlylygyny has doly üpjün etmek, daşary ýurtly maýadarlaryň netijeli iş alyp barmagy üçin amatly şertleri döretmek ugrunda döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan işler maýa goýum işjeňliginiň artmagyna alyp barýar.


Allamyrat ATABAYEW,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany 
A.Nyýazow adyndaky

Yöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymy

 

27.03.2025

BANK ULGAMY: KIÇI GÖWRÜMLI KARZLAR

             Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diyen ynsanperwer yörelgesinin durmusymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýandygy hemmämize mälimdir.

        Gahryman Arkadagymyzyň ýurtda azyk bolçulygyny döretmek, ilaty ýerli önümler bilen üpjün etmek boyunça alyp barýan taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda şahsy hojalygynda önümçilik işini alyp baryan rayatlarymyzyň sany barha köpelýär. Muňa milli Liderimiziň ýurdumyzyň welayatlaryna amala aşyran iş saparlarynda hem şayat bolyarys. Hormatly Prezidentimiz ähli sebitlerde hususy önüm öndürijiler bilen duşuşyp, olaryň ilaty ýerli azyk önümleri bilen üpjün etmek boýunça alyp baryan işlerine yokary baha berýär.

        Oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, yurtda azyk bolçulygyny döretmekde we öndürilen önümler üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmekde kämilleşyän bank hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bank ulgamynyň esasy wezipesi bolup durýar. Ýurdumyzyň karz edaralary nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini gineltmek, dürli görnüşli bank hyzmatlaryny, şol sanda karzlary hödürlemek, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak ýaly ugurlarda gin gerimli işleri alyp barýarlar.

        Amatly şertlerde dürli görnüşli ýeňillikli bank karzlarynyň berilmegi ýurduň ykdysadyýetinde hojalygy dolandyrmagyň öndebaryjy usullarynyň işjeň ornaşdyrylmagyny, netijeli, döwrebap tehnologiýalaryň özleşdirilmegini, täze iş ýerleriň döredilmegini, yokary hilli azyk we azyk däl önümlerinin möçberleriniň yokarlanmagyny üpjün edýär. Şeýle hyzmatlaryň biri hem kiçi göwrümli karzlar bolup durýar. Häzirki wagtda yurdumyzyň karz edaralary tarapyndan hormatly Prezidentimiziň «Ykdysadyýetimiziň önümçilik maksatly ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilýän karz serişdelerinin möçberini artdyrmalydyrys. Kiçi önümçilikleri höweslendirmek, ilat üçin karz-maliye serişdeleriniň möçberlerini köpeltmek, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça işleri geçirmelidiris» diýen tabşyrygyny ýerine ýetirmek, şeýle hem önümçilik bilen meşgullanmak isleyän rayatlarymyza amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen kiçi göwrümli karzlar bilen karzlaşdyrmak işleri uly depgin bilen dowam edýär.

         Bu karz hyzmaty rayatlaryň melleginde, şahsy hojalygynda gök-bakja we miwe önümlerini, tohum mallaryny, guş önümlerini öndürmäge mümkinçilik döredýär. Kiçi göwrümli karzlar ýyllyk 10 göterimli, 30 (otuz) müň manada çenli, 6 aý ýeňillikli döwür bilen 3 (üç) ýyla çenli möhlete nagt däl görnüşinde berilyär.

        Karzyň esasy maksady müşderileriň hökmany ýagdaýda berlen karz serişdelerini öz şahsy hojalygyndaky bölünip berlen yer böleginde ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmäge, oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmäge niyetlenilip berilýär. Berlen karzyň üpjünçiligi bir ýya-da birnäçe tölege ukyply rayatlaryň zamunlygy we girew emlägi esasynda amala aşyrylýar.

       Kiçi göwrümli karz serişdeleri, kiçi we orta telekeçilige gadam goýmak isleyän rayatlar üçin amatly başlangyçdyr. Bu ýeňillikli karz serişdesi oba hojalyk önümlerini öndürijileri maddy taýdan goldap, olaryň işiniň ugrukmagyna ýol açyar. Kiçi göwrümli karzlaryň hasabyna rayatlaryň hususy mellek ýerlerinde ýyladyşhanalaryň gurulmagy, öňden bar bolanlarynyň gineldilip, durkunyň täzelenmegi netijesinde gök-bakja ekinleri yetişdirlip, ýerli bazarlarda önüm bolçulygyny döretmäge oňaýly täsirini ýetirýär.

       Rayatlaryň ýerlerde alyp barýan şahsy hojalyklaryň sanynyň we işlerinin artmagy netijesinde bazar gatnaşyklarynyň we milli ykdysadyýetimiziň ösmegine, häzirki zaman telekeçilik ulgamynyň emele getirilmegine, hususy bölegiň oba hojalyk, azyk, ýeňil senagat we hyzmatlar ulgamynda ösdürilmegine ýardam beryär. Içerki bazardaky bäsleşikli gurşawyň üpjün edilmegine, ilatyň girdejisiniň artmagyna mümkinçilik döredip, ýurtda azyk bolçulygyny döretmäge amatly şertleri döredýär, şeýle hem degişli ugurlar boyunça hereket edýän kärhanalar üçin goşmaça çig mal üpjünçilik binýadyny emele getiryär hem-de ony pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu hyzmatyň amatlyklaryndan peýdalanýan rayatlarymyzyň sany günsayyn artyar.

        Halkymyzyň hal ýagdaýyny has-da yokarlandyrmakda, ýurdumyzy dünýänin öndebaryjy döwletleriniň derejesine çykarmakda ýadawsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaç alsyn.

 

Allamyrat ATABAYEW,

Türkmenistany aň Merkezi bankynyň

Türkmernistanyň Gahrymany A.Nyýaz Nyyazow adyndaky

Yöritel teleşdirilen bank mekdebiniň tejriberibelik boyunça

Hünärmen

05.03.2025