News

«TARYH ŞU ÝERDEN BAŞLANÝAR» ATLY ESSE ÝAZMAK BÄSLEŞIGI.

         Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda türkmen ýaşlaryny ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgesi esasynda milli ruhda terbiýelemek olarda watansöýüjilik, agzybirlik, ata Watanymyza merdana halkymyza bolan buýsançlaryny ösdürmek, hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyza, edebi we taryhy şahsyýetlerimize, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza goýýan sarpasyny ýaýbaňlandyrmak, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň many-mazmunyny açyp görkezmek, ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek hem-de talyp ýaşlaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan «Taryh şu ýerden başlanýar» atly esse ýazmak bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilena bank mekdebiniň talyplary gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelediler. Mekdebimiziň 2-nji ýyl talyby Mämmetnazarowa Gülzar bäsleşige işjeň gatnaşyp, “Baş baýraga” mynasyp boldy. Bäsleşikde 2-nji ýyl talybymyz Täjiýewa Jemal III orny eýeläp, gymmat bahaly sowgat bilen sylaglandy. Talyplarymyzy gutlamak bilen okuwlarynda üstünlikler arzuw edýäris!

       Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň okap-bilim almaklary, öz hünäriniň eýesi bolup ýetişmekleri üçin şeýle ajaýyp şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri rowaç alsyn!

 

12.03.2025

«TALYP GÖZELI – 2025» BÄSLEŞIGI

           Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp gyzlary ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemek, olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek hem-de ösdürmek, talyp gyzlaryň çeperçilik ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de Halkara zenanlar güni mynasybetli Arkadag we Aşgabat şäherleriniň hem-de Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Milliligim buýsanjym, başlara göwher täjim» şygary bilen “Talyp gözeli 2025” atly edebi-döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige mekdebimiziň 2-nji ýyl talyby Täjiýewa Jemal gatnayp, II orna mynasyp boldy.

         Türkmen zenanlarynyň mertebesini belende göterýän il-günüň Arkadagy, ýaşlaryň howandary Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

 

12.03.2025

“Ýaş tälimçilere görelde”

        2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda  ýurdumyzda ýokary derejeli sport we köpçülikleýin-bedenterbiýe hereketiniň ösmeginiň dowam etmegi, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek üçin giňişleýin çäreleriň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň üns merkezinde saklanýar. Soňky ýyllarda türkmen sportynyň dünýä arenasyndaky abraýy barha artýar. Döwlet edaralarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň we orta hünär okuw mekdepleriň arasynda-da dürli sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. 

        Mekdebimiziň tälimçi-mugallymy Kakajaýew Gurbannazar 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda, ýanwar aýynyň 30-na geçirilen Ýeňil Atletika boýunça Türkmenistanyň gyşky çempionatyna gatnaşmak bilen, daş iteklemek boýunça 15,38 m  netije görkezip, baýrakly I orna eýe boldy we ýeňiş gazandy.

         Bank mekdebiniň agzybir kollektiwiniň adyndan kärdeşimizi gutlamak bilen indiden beýläk onuň sport karýerasynda üstünlik we uly ýeňişleri arzuw edýäris!

19.02.2025

“Another victory in the sport”

       Under the leadership of our Honarable  Friend Gurbanguly Berdimuhamedov and our Comrade President Serdar Berdimuhamedov, the devolopment of sports in the country reached a new level during the Revival of the new era of the Stable State, in the Year of International Peace and Trust. Turkmen sportsmen actively participate in major international competitions and achieve high results. This contributes to strengthening the position of Turkmenistan in the world sports space. This is evidenced by the victory of our school’s coach-teacher Kakajaev Gurbannnazar, who won the first prize with a result of 15.52 m in the stone throw at the Ashgabat winter championship among boys and girls in the category of ATHLETICS.

 

      Congratulating our colleague on behalf of the united collective of the Bank School, we wish him further success and great victories in his sports career!

 

12.02.2025

«Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr» atly sport bäsleşigi

   Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaş nesillerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy döwrüň möhüm talabydyr. Sport sagdynlygyň, gözelligiň çeşmesidir» diýen parasatly sözlerinden, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň talyp ýaşlar barada edýän bimöçber aladalaryndan we berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygyna bagyşlanyp Arkadag we Aşgabat şäherleriniň hem-de Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda «Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr» atly sport bäsleşigi  2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 6-na geçirildi.  Biziň mekdebimizden Kurbanow Daýanç bilen Çaryýewa Nurjahan “Düzzüm” oýny boýunça gatnaşyp,  bu sport bäsleşiginde 1-nji orna mynasyp boldylar. Bäsleşige gatnaşan talyplarymyz: Mämmedow Nuraly, Hojamgulyýew Farhat, Orazowa Ogulbäbek we Rejepowa Altyn.    

       Biziň mekdebimiziň abraýyny has-da belende galdyryp, bäsleşiklerde ýer alan we gatnaşan talyplarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys!

09.12.2024

"The success of our school's sports teacher"

 

Under the leadership of our Honorable Comrade Gurbanguly Berdimuhamedov and our Comrade President Serdar Berdimuhamedov, during the Revival of the new epoch of the stable state, great work is being done in the country, covering all aspects of economic, political and social life. At the same time, regular measures and measures are taken to make our people healthy and spirited. As a result of continuous activities in the field of sports, athletes of Turkmenistan take the leading positions in international competitions held in the country and at the world level, leaving the reputation of the country even higher. As evidence of this, the Cup of Turkmenistan in Athletics, the Championship of Turkmenistan in the Shot Put (15.10 cm) and the Powerlifting sport were held on November 20, 2024. In this championship, the coach-teacher of our school, Kakajaev Gurbannazar (+120 kg) won the 1st place.

On behalf of the banking school collective, we warmly congratulate our colleague on this achievement!

 

09.12.2024