Новости

«TARYH ŞU ÝERDEN BAŞLANÝAR» ATLY ESSE ÝAZMAK BÄSLEŞIGI.

         Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda türkmen ýaşlaryny ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgesi esasynda milli ruhda terbiýelemek olarda watansöýüjilik, agzybirlik, ata Watanymyza merdana halkymyza bolan buýsançlaryny ösdürmek, hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyza, edebi we taryhy şahsyýetlerimize, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza goýýan sarpasyny ýaýbaňlandyrmak, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň many-mazmunyny açyp görkezmek, ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek hem-de talyp ýaşlaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan «Taryh şu ýerden başlanýar» atly esse ýazmak bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilena bank mekdebiniň talyplary gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelediler. Mekdebimiziň 2-nji ýyl talyby Mämmetnazarowa Gülzar bäsleşige işjeň gatnaşyp, “Baş baýraga” mynasyp boldy. Bäsleşikde 2-nji ýyl talybymyz Täjiýewa Jemal III orny eýeläp, gymmat bahaly sowgat bilen sylaglandy. Talyplarymyzy gutlamak bilen okuwlarynda üstünlikler arzuw edýäris!

       Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň okap-bilim almaklary, öz hünäriniň eýesi bolup ýetişmekleri üçin şeýle ajaýyp şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri rowaç alsyn!

 

«TALYP GÖZELI – 2025» BÄSLEŞIGI

           Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp gyzlary ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemek, olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek hem-de ösdürmek, talyp gyzlaryň çeperçilik ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de Halkara zenanlar güni mynasybetli Arkadag we Aşgabat şäherleriniň hem-de Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Milliligim buýsanjym, başlara göwher täjim» şygary bilen “Talyp gözeli 2025” atly edebi-döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige mekdebimiziň 2-nji ýyl talyby Täjiýewa Jemal gatnayp, II orna mynasyp boldy.

         Türkmen zenanlarynyň mertebesini belende göterýän il-günüň Arkadagy, ýaşlaryň howandary Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

 

“Образец для подражания молодым тренерам”

        В 2025-году, в год « Международного мира и доверия» продолжение развития спорта высокого уровня и массовой физической культуры в нашей стране, также реализация комплексных мер по пропоганде здорового образа жизни находятся в центре внимания Президента Туркменистана. В последние годы репутация туркменского спорта на мировой арене всё больше возрастает. Различные спортивные соревнование проводятся последовательно государственных учреждениях, высших учебных заведениях и в школах. B

         Тренер-учитель банковской школы Какаджаев Гурбанназар принял участие в зимнем чемпионате Туркменистана по лёгкой атлетике, которые состоялись 30-го января в год» Международного мира и доверия» 2025-го года. Он показал реультат 15,38 м по метанию камня. Тренер-учитель Какаджаев Гурбанназар занял первое место и стал победителем.

          От имени дружного коллектива Банковской школы поздравляем нашего коллегу и желаем ему дальнейших успехов и больших побед в спортивной карьере!

Sport ýaryşynda ýene bir ýeňiş

       Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Arkadagly Prezidentimiz  Serdar  Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda sportuň ösüşi täze derejä çykdy. Türkmen  türgenleri  iri halkara ýaryşlara işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Munuň  özi  Türkmenistanyň dünýäniň sport giňişligindäki ornuny has-da pugtalandyrmaga ýardam edýär. Bulara  subutnama hökmünde, sportuň YEŇIL ATLETIKA görnüşi boýunça oglan - gyzlaryň arasynda geçirilen Aşgabat şäheriniň gyşky çempionatynda mekdebimiziň tälimçi-mugallymy Kakajaýew Gurbannazaryň daş iteklemek boýunça 15,52 m  netije görkezip, baýrakly I orna eýe bolmagy we ýeňiş gazanmagydyr.

     Bank mekdebiniň agzybir kollektiwiniň adyndan kärdeşimizi gutlamak bilen indiden beýläk onuň sport karýerasynda üstünlik we uly ýeňişleri arzuw edýäris!

 

«Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr» atly sport bäsleşigi

     Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaş nesillerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy döwrüň möhüm talabydyr. Sport sagdynlygyň, gözelligiň çeşmesidir» diýen parasatly sözlerinden, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň talyp ýaşlar barada edýän bimöçber aladalaryndan we berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygyna bagyşlanyp Arkadag we Aşgabat şäherleriniň hem-de Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda «Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr» atly sport bäsleşigi  2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 6-na geçirildi.  Biziň mekdebimizden Kurbanow Daýanç bilen Çaryýewa Nurjahan “Düzzüm” oýny boýunça gatnaşyp,  bu sport bäsleşiginde 1-nji orna mynasyp boldylar. Bäsleşige gatnaşan talyplarymyz: Mämmedow Nuraly, Hojamgulyýew Farhat, Orazowa Ogulbäbek we Rejepowa Altyn.    

       Biziň mekdebimiziň abraýyny has-da belende galdyryp, bäsleşiklerde ýer alan we gatnaşan talyplarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys!

“Mekdebimiziň sport mugallymynyň gazanan üstünligi”

          Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Arkadagly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ykdysady, syýasy, jemgyýetçilik durmuşyň hemme tarapyny öz içine alýan ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şonuň bilen birlikde halkymyzyň sagdyn we ruhubelent bolmagy üçin hem yzygiderli edilýän aladalar, çäreler alnyp barylýar. Sport ulgamynda alnyp barylýan yzygiderli işleriň netijesinde türkmenistanly türgenler  ýurdumyzda we dünýä derejesinde geçirilýän halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýeläp, ýurdumyzyň abraýyny has-da belende galdyrýarlar. Munyň subutnamasy bolup, Ýeňil Atletika boýunça Türkmenistanyň kubogy, Ýadro itekleme (15.10sm) boýunça we 2024-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Pauerlifting sport görnüşi boýunça Türkmenistanyň Çempionaty  geçirildi. Bu çempionatda mekdebimiziň tälimçi-mugallymy Kakajaýew Gurbannazar (+120 kl agramda) çykyş edip I-nji orna mynasyp boldy.

             Bank mekdebiniň agzybir kollektiwiniň adyndan kärdeşimizi bu üstünlik bilen gyzgyn gutlaýarys!