Täzelikler

“Sport sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşydyr” atly spartakiadanyň çäginde ýeňil atletika boýunça ýaryş”

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Arkadagly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ykdysady, syýasy, jemgyýetçilik durmuşyň hemme tarapyny öz içine alýan ägirt uly işler amala aşyrylýar. Sport ulgamynda alnyp barylýan yzygiderli işleriň netijesinde türkmenistanly türgenler  ýurdumyzda we dünýä derejesinde geçirilýän halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýeläp, ýurdumyzyň abraýyny has-da belende galdyrýarlar.

        Türkmenistanyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda "Sport sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşydyr" atly spartakiadanyň çäginde ýeňil atletika boýunça geçirilen ýaryş munyň aýdyň subutnamasydyr. Bu ýaryş oglanlaryň we gyzlaryň arasynda 100 metr aralyga ylgamak, uzynlygyna bökmek, estafeta ylgawy (4x100 metr) ýaly ýeňil atletikanyň dürli görnüşleri boýunça geçirildi. Ýaryşa bank mekdebimizden indiki talyplar gatnaşdylar: Hojamberdiyew  Yslam, Ahmedow Hezretguly, Halbayew Kerwen, Gurbangeldiyewa Medine, Imamkulyýewa Marýam, Italmazowa Suraý, Allanazorowa Ogulbagt, Hangeldiýewa Ülker, Döwletow Yhlas, Babanyýazow Döwran. Olardan “Banklarda buhgalterçilik hasaba alnyşy” hünärinde okaýan, mekdebimiziň I ýyl talyby Döwletow Yhlas "Ýeňil atletika" boýunça oglanlaryň arasynda 100m ylgaw boýunça 12.13. netije görkezip, 2-nji baýrakly orny eýeledi.

         Mekdebimiziň sporta höwesli talyplarymynyň şeýle gowy netije görkezýanligi diýseň buýsandyrýar. Bank mekdebiniň talyplary ýaryşa taýýarlan bendenterbiýe mugallymy - Kakajaýew Gurbannazary we  baýrakly ýer alan talybymyz - Döwletow Yhlasy tüýs ýürekden gutlaýarys! Olara  gelejekde sport ulgamynda we okuwynda üstünlikler arzuw edýäris!

23.04.2026

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebi «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar

«Açyk gapylar» gününde 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlara Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň gurluşy, düzüm birlikleri, hünärmenleri taýýarlaýyş ugurlary, okuw sapaklarynyň guralyşy, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri hem-de medeni-köpçülikleýin çäreler, şeýle hem talyplar üçin döredilen ýaşaýyş-durmuş şertler barada giňişleýin maglumatlar berler.

 «Açyk gapylar» güni 2026-njy ýylyň 18-nji we 25-nji aprelinde sagat 14:00-da geçiriler.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Baba Annanow köçesiniň 129-njy jaýy.

Telefon belgileri: 28-71-66, 28-71-33.

Elektron salgysy: bankmekdebi.edu@sanly.tm

16.04.2026

“Bitaraplyk, doganlyk – saýlan aýdyň ýolumyz, ynanyşmak, jebisleşmek berkararlyk şanymyz” atly bilim bäsleşigi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de “Saglyk” Döwlet Maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň guramagynda 2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda  “Bitaraplyk, doganlyk – saýlan aýdyň ýolumyz, ynanyşmak, jebisleşmek berkararlyk şanymyz” ady bilen bilim bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde “Banklarda buhgalterçilik hasaba alynyşy” hünäriniň II ýyl talyby Gurbanlyýewa   Göwher 3-nji baýrakly orny eýeleläp, Türkmenistanyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň  Milli  merkeziniň taýýarlan  hormat  haty  we  ýörite  sowgat  bilen  sylaglanyldy.

29.11.2025

"Pararahatçylyk we ynanyşmak – dost - doganlygyň kepili" atly temadan iňlis dilinde düzme ýazmak bäsleşigi

        Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" mynasybetli Türkmen döwlet maliýe institutynyň "Daşary ýurt dilleri" kafedrasynyň guramagynda "Parahatçylyk we ynanyşmak - dost-doganlygyň kepili" atly tema boýunça bäsleşikleri geçirmegiň tertibine laýyklykda, instituta berkidilen Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň we Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda iňlis dilinde düzme ýazmak bäsleşigi geçirildi.

        Bu bäsleşikde  mekdebimiziň 1-2-nji ýyl talyplary: Hojaýewa Aýlar, Öwezgeldiýewa Aýjahan, Agamyradowa Tylla, Yzbasdyýewa Amangül, Garaýewa Şeker, Täjiýewa Jemal, Hakyýewa Tawus, Isgendderowa Arzygül, Maksadowa Gülzada, Gutlyýew Baýmyrat we Muhadowa Nurana gatnaşdylar. Talyplarymyzdan I baýrakly orny Garaýewa Şeker, II orny Öwezgeldiýewa Aýjahan,  III orny Gutlyýew Baýmyrat eýelediler.

23.04.2025

“Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça internet bäsleşigi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" mynasybetli Türkmen döwlet maliýe institutynyň guramagynda, aprel aýynyň 9-na   ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bilim boýunça özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek maksady bilen orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda “Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça internet bäsleşigi geçirildi.

           Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlaryny has-da kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň çäklerinde talyp ýaşlary kämil hünärmenler edip ýetişdirmek, olaryň nazary bilimlerini artdyrmak, amaly ukyp-başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen, Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Yöriteleşdirilen bank mekdebiniň, Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda «Sanly ykdysadyýet» dersi boýunça internet bäsleşiginde  mekdebimiziň 2-nji ýyl talyplary: Mämedow Nuraly, Garaýewa Şeker, Täjiýewa Jemal, Mammetnazarowa Gülzar, Ankarowa Mahriban, Garlyýewa Ejemak, Kazakowa Aýgül, Rejebowa Altyn, Orazowa Mährijemal we Bahadurowa Nurana gatnaşdylar. Toplan ballary boýunça talyplarymyzdan 1-nji baýrakly orny Mämedow Nuraly we Garaýewa Şeker, 2-nji orny Täjiýewa Jemal we Mammetnazarowa Gülzar, 3-nji orny Ankarowa Mahriban, Garlyýewa Ejemak we  Kazakowa Aýgül eýelediler.

23.04.2025

“Ykdysady nazaryýet” dersi boýunça internet bäsleşigi

           Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" mynasybetli Türkmen döwlet maliýe institutynyň guramagynda, aprel aýynyň 11-ne   ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bilim boýunça özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek maksady bilen orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda “Ykdysadynazaryýet” dersi boýunça internet bäsleşigi geçirildi.

           Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlaryny has-da kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň çäklerinde talyp ýaşlary kämil hünärmenler edip ýetişdirmek, olaryň nazary bilimlerini artdyrmak, amaly ukyp-başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen, Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Yöriteleşdirilen bank mekdebiniň, Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda « Ykdysady nazaryýet » dersi boýunça internet internet bäsleşikde  mekdebimiziň 1-2-nji ýyl talyplary: Toýçiýewa Aýlar, Dörtgulyýewa Arzygül, Annaýewa Bägül, Garajaýewa Ogulşat, Hojamuhammedowa Aýbölek, Hojaýewa Aýlar, Öwezgeldiýewa Mährijemal, Öwezgeldiýewa Aýjahan, Söýünowa Aýlar we Meredowa Aýjemal gatnaşdylar. Toplan ballary boýunça talyplarymyzdan 1-nji baýrakly orny Toýçiýewa Aýlar, 2-nji orny Annaýewa Bägül, Garajaýewa Ogulşat we Hojamuhammedowa Aýbölek, 3-nji orny Dörtgulyýewa Arzygül, Hojaýewa Aýlar we Öwezgeldiýewa Mährijemal eýelediler.

18.04.2025

Çäreler

Makalalar